Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe YD garşy Moskwa bilen 'işleşmäge taýýar'


Injirlik howa bazasyndaky german harby uçary.

Injirlik howa bazasyndaky german harby uçary.

Türkiýäniň daşary işler ministriniň bu beýanaty aýgytlylygyň alamatymy ýa bu aýdylýanlar täze dörän ynamy, ýogsa-da aljyraňňylygy görkezýärmi?

Mewlut Çawuşoglu 4-nji iýulda Stambulda "Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň garşysyna "işjeň söweşýänleriň hemmesine bolşy ýaly" Türkiýäniň "Injirlik howa bazasynyň gapysyny" Orsýete hem açmagy mümkin diýdi. "Biz Daeşe garşy söweşýän her bir döwlet bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Onsoň bu hyzmatdaşlyk näme üçin Orsýet bilen bolmasyn?"

Habar serişdeleriniň hemmesinde diýen ýaly, ýurduň daşary işler ministrine salgylanylyp, Türkiýäniň bu maksat üçin Injirlik howa bazasyny hatda Orsýete-de açmaga taýyndygy aýdyldy. Bu hetdenaşa ýaly bolup görünýär welin, ýöne şeýlemikä?

Herniçik-de bolsa, orslar begençli reaksiýa görkezdiler, hökümetiň Ankaradaky garşydaşlary hem derrew tankyda başladylar.

Çawuşoglu ara salym salman Türkiýäniň orslaryň peýdalanmagy üçin howa bazasyny açýandygyny inkär etdi. Ol: "Men Injirlik barada gürlämok. Men diňe prezidentimiziň aýdanyny tekrarladym. Bu hem biziň terrora garşy göreşde Orsýet bilen hyzmatdaşlyga taýyndygymyz" diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, geçen on günüň içinde hem Ysraýyl hem-de Orsýet bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada garaşylmadyk ýagdaýda ylalaşansoň, tankytçylar oňa sagdan-soldan hüjüm edip başladylar.

"Sen tutumyňy duýpgöter üýtgeder ýaly näme boldy?"

"Düýnki jyhadçy doglanlar bu gün terrorist boldy".

"Sen Gazany Ysraýyl bilen ylalaşyga satdyň".

Ýöne bu zatlar Erdogany biynjalyk etmeýäne meňzeýär. Ol öz tarapdarlaryna: "Biz ýolumyzy asla üýtgedemzok. Biz diňe Orsýet we Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzda ýasama dartgynlylyklar sebäpli goýberilen ýalňyşlyklary düzedýäris" diýdi.

Türk metbugatynda berilýan habarlardan çen tutulsa, onda iň bolmanynda täze hökümete geçilýänçä Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada-da çydamlylyk görkezilmegi mümkin.

Ýöne hiç bir partizançylyga ýa ideologik dogma uýmaýan haýsy türk raýatyndan sorasam, maňa "Türkiýäniň içindäki hem daşyndaky duşmançylyklary birsalym näme üçin unutmaly däl" diýip jogap berdiler.

Türkiýe uzak wagtlap, 32 ýyldan hem köp, PKK-nyň terroryna, onuň düýp sebäplerini aradan aýyrmaga synanyşman, ganly hem agyr baha töledi. "Yslam döwleti" bolsa täze dörän bir elhençlik. Ol Orta Gündogaryň aňsatlyk ýa ýalňyşlyk bilen agdarylan diktator režimleriniň ornuny ekstremistik toparlar alansoň ýaýran mergi.

Üstümizdäki on ýyllygyň başlarynda Erdogan arap ýazyny joşgunly garşylap, bu ýerdäki režimleriň ýerine özi bilen pikirdeş adamlar geler diýen umyt bilen goňşy Siriýadaky, Yrakdaky we Müsürdäki toparlary goldady. Emma bu başa barman, onuň köpüsi pikirde hem edim-gylymda ekstremistik we gara güýje daýanýan yslamçy "doganlary" basym Türkiýäniň özüni gemrip başladylar.

Ömür boýy konserwatiwlere ses berip gelen asly akşehirli, ýöne häzir Ankarada ýaşaýan neçjar Ahmet Usta ýagdaýy türkleriň bir atalar sözi bilen düşündirýär: "Zyýanyň öňüni haçan hem alsaň, peýdadyr". (Türkmençesi: “Zeleliň ýaryndan gaýtmagam – peýda” – Red.)

Pensiýa çykan we Erdoganyň ýanbermez opponenti bolan sekulýar adwokat Nurgül hanym maňa türk jemgyýetiniň ähli künjeginde hemişe eşidýän zadymy aýtdy: "Biz şu gözel ýurduň durmuşy we onuň toprak bütewüligi barada aladalanýarys. Indi hem öz ezizlerimiziň we Türkiýäniň raýatlarynyň janyndan gorkýarys".

Ýokary tehnologiýa spesialisti, 30 ýaş töweregindäki Arper: "Nädogry işleriň köpüsinde Erdogan bilen AKP-niň [“Adalat we galkynyş partiýasy”] günäli bolmagy mümkin. Türkiýe häzir kyn döwri başdan geçirýär. Ugruňy üýtgetmeklik zerur, ol geçen on ýyllykda ykdysadyýete we jemgyýete köp hyzmat etdi".

XS
SM
MD
LG