Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň saparynyň öňüsyrasyndaky başagaýlyk


Türkmenabatda prezidentiň saparynyň öňüsyrasy ýollar suw pürkýän maşynlar bilen ýuwlup, arassalanýar. 5-nji iýul, 2016 ý.

Türkmenabatda prezidentiň saparynyň öňüsyrasy ýollar suw pürkýän maşynlar bilen ýuwlup, arassalanýar. 5-nji iýul, 2016 ý.

Şu günler Türkmenabadyň köçelerinde gaty başagaýlyk. Ýollaryň gyralarynda dikilen yşyklandyryş sütünleri baýramçylygy alamatlandyrýan reňkli lentalar bilen bezelýär, ýollar suw pürkýän maşynlar bilen ýuwlup, arassalanýar.

Esasy köçeleriň ählisi diýen ýaly bölekleýin ýapylyp, ýol üstündäki yşarat belgileri täzeden boýalýar. Agzalýan köçeleriň ugrundaky binalaryň gopuk ýerleri suwalyp, timarlanýar we durky täzelenýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ýola çykýan gapdalyndaky agaç penjireler goparylyp, täzeden plastiki penjireler goýulýar. Garaz, hökümete degişli edaralaryň işgärleri gije-gündiz timarlamak işlerini geçirýärler. Ýol isçileri bilen birlikde degişli edaralaryň ähli başlyklary hem işiň gidişine berk gözegçilik edýärler.

Beýle ýagdaýlar Türkmenabada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6–7-nji iýulda boljak sapary bilen baglydygy aýdylýar. Aýdylmagyna görä, prezidentiň bu gezekki sapary käbir uly möçberdäki gurluşyk binalarynyň tamamlanmagy we şol binalaryň açylyş dabarasy bilen bagly bolmaly.

Bu gezek Türkmenabatda himiki zawodyň bir blogunyň we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň täze gurlan Zelili obasynyň açylmagyna garaşylýar. Gowuşýan käbir maglumatlara görä, prezidentiň Türkmenabat–Farap köprüsine hem aýlanyp görmegine garaşylýar.

Şol sebäpden eýýäm bir hepde gowrak wagtdan bäri dürli býujet edaralarynyň işgärleri, tomusky dynç alyşdan alnyp galynan, ýogsa-da kanikul günleridigine garamazdan, okuw jaýyna çagyrylan talyplar howanyň gyzgyny 40 gradusdan geçse-de, elleri baýdakly ýoluň gyrasyna sürülýär. Adatça, talyplar we býujet edaralarynyň işgärleri bilen birlikde bu dabara welaýatyň dürli etraplaryndan medeniýet işgärlerinden düzülen tansçy, aýdymçy toparlar hem getirilip, olar aýdym-saz edýärler.

“Häzirki wagtda günde diýen ýaly bizler çärä çykarylýarys. Adamlar açyljak diýilýän binalara gidýän ýollaryň boýunda elleri baýdakly durmaly bolýarlar. Yssy howada özünden gidýänlerem bolýar. Garaz, öýe Gün batandan soň gaty ýadaw [gaýdyp] gelýäris” diýip şäheriň poliklinikasynyň birinde şepagat uýasy bolup işleýän 40 ýaşlaryndaky Aýsoltan gürrüň berýär.

Aýdylmagyna görä, býujet edaralarynyň işgärleriniň işden soň, käte-de, iş wagtydygyna garamazdan, çärä çykarylýandygy barada habarlar gelip gowuşýär. Hususan-da, medisina işgärleriniň çäre diýip ýerinde bolmazlygy, poliklinika gelýän hassalara öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Käte nobatlar aşa uzalyp, adamlar keselhanalaryň we poliklinikalaryň dymyk koridorlarynda ençeme sagatlap lukmana görünmek üçin nobatda garaşmaly bolýarlar.

Ýollardaky hereket çäkliligi

Prezidentiň Lebap welaýatyna geçirjek diýilýän saparyna bolan taýýarlyklaryň çäginde şäheriň durky abadanlaşýan bolsa-da, ýollaryň ýapylmagy öz güzeranyny hususy taksiçilik bilen dolandyrýan sürüjileri hem alada goýýar. Sebäbi olar birnäçe günlük gazanjyndan galýarlar.

“Üç-dört günden bäri ýollar ýapyk, taksi saklajak bolýan adamlaryň ýanyna sürüp barmagam kynlaşýar. Şeýle çäreler geçirilse, adamlaram kän bolmaýar, ýollarda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri köpelýär” diýip, özüni Şatlyk diýip tanadan 28 ýaşly sürüji Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bir hatarda ýollarda başga bölümleriň polisiýa işgärleri tarapyndan giň gerimli howpsuzlyk çärleri hem görülýär. Mundan iki gün ozal prezidentiň gelmegi bilen bagly geçiriljek howpsuzlyk çäreleriň gerimi barada polisiýanyň welaýat uprawleniýesinde etraplardan goşmaça çagyrylan işgärler bilenem uly ýygnagyň geçirilendigi barada maglumatlar bar.

Prezidentiň saparlarynyň ýönekeý adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri barada hem ilat arasynda dürli garaýyşlar bar. Olaryň käbirleri bu hili çärelerden ýadandyklaryny aýtsalar, beýlekileri prezident gelse, uzak wagtlap ünsden düşürilen ençeme ýerleriň gysga wagtda düzedilýändigine öz begenjini gizlemeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG