Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: ‘Terrorizme garşy milli agentligi’ döretmek maslahat edilýär


Fransuz parlamenti.

Fransuz parlamenti.

Fransuz kanunçykaryjylary halkara terrorizmiň abandyrýan howpy dogrusynda artýan aladalanmalara jogap hökmünde ýurduň aňtaw gullugynda düýpli üýtgeşiklikleri amala aşyrmagy maslahat berdiler.

Gürrüňi edilýän reformalaryň düzümine, Fransiýanyň dürli aňtaw gulluklaryny “terrorizme garşy ýeke täk milli agentlige” birleşdirmek hem girýär.

Bu rekomendasiýalar, geçen ýylyň noýabr aýynda Parižde “Yslam döwleti” atly toparyň ýaragly adamlary we bombaçylary utgaşykly hüjümleri amala aşyryp, 130 adamy öldürenden soň, fransuz parlamentiniň geçiren derňewleriniň netijesidir.

Derňew komissiýasynyň prezidenti Jorj Feneke (Georges Fenech) salgylanyp berlen maglumatda “halkara terrorizmi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyz, aňtaw meselesinde has-da hyjuwly bolmalydyrys” diýilýär.

XS
SM
MD
LG