Sepleriň elýeterliligi

Wengriýa: Migrantlar boýunça referendum geçiriler


Wengriýanyň premýer-minitrsi Wiktor Orban.

Wengriýanyň premýer-minitrsi Wiktor Orban.

Wengriýanyň premýer-minitrsi Wiktor Orban öz ýurdunyň migrantlary kabul etmek boýunça hökmany kwota dogrusynda milli referendum geçirjekdigini yglan etdi.

2-nji oktýabrda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu hereket, Ýewropa Bileleşigi II Jahan Urşundan bäri iň uly migrant akymy bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Bileleşige agza ýurtlaryň arasynda bölünişikli dawalary has-da güýçlendirjege meňzeýär.

Orban, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary bosgunlary we beýleki migrantlary kabul etmäge mejbur etjek planlara garşy aç-açan çykyş eden ýewropa liderleriniň biridir. Gürrüňi edilýän bosgunlaryň we migrantlaryň aglabasy Ýakyn Gündogardaky, Demirgazyk Afrikadaky we Günorta Aziýadaky konfliktlerden we kynçylyklardan gaçyp, Ýewropa gelýärler.

Wengriýanyň geçirjek referendumy, 23-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak barada geçiren ses berişliginiň yzýany, Brýussele täze bir mesele görnüşinde howp abandyrýar.

Wengriýanyň 10 million çemesi ilaty bolup, bu 2015-nji ýyldaky migrant akymynda öz serhetlerine ilkinji bolup germewleri diken ýewropa ýurtlarynyň biridir.

XS
SM
MD
LG