Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsar iki uçary ysraýyl uçarynyň ýany bilen uçdy


“El Al” howaýollary kompaniýasyna degişli uçar.
“El Al” howaýollary kompaniýasyna degişli uçar.

“El Al” howaýollary kompaniýasyna degişli uçur gatnawynda bombanyň bardygy barada habar berlenden soň, Şweýsariýanyň howa güýçleriniň iki uçary Nýu-Ýork şäherinden Tel Awiwe uçýan ysraýyl uçarynyň ýany bilen uçdy.

“El Al” howaýollary kompaniýasynyň metbugat wekiline salgylanyp berilýän maglumata görä, şeýle çäräniň amala aşyrylmagyna “anonim maglumatyň” gelip gowuşmagy itergi beripdir.

Şeýle-de, ol “Boeing 747” uçarynyň “LY002” belgili gatnawynyň “planlaşdyrylyşy ýaly” dowam edýändigini aýtdy.

“Ben Gurion” adyndaky aeroporta gonmagy planlaşdyrylýan uçarda näçe ýolagçynyň bardygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG