Sepleriň elýeterliligi

Saudy Arabystanynda üç bomba partladyldy


Saud Arabystanynyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.

Saud Arabystanynyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.

Saud Arabystanynda janyndan geçen bomaçy musulmanlaryň iň mukaddes ýerleriniň birine hüjüm edip, dört sany saudy howpsuzlyk resmisini öldürdi.

Şuňa meňzeş hüjümler şaýy musulmanlarynyň metjidiniň we Birleşen Ştatlaryň saudy şäherindäki konsulhanasynyň daşynda hem amala aşyrylyp, bu hüjümler Saud Arabystanynda utgaşykly hüjümleriň bolmak ähtimallygy dogrusynda aladalanmalary artdyrdy.

Içeri işler ministrligi, 4-nji iýulda Medine şäherinde Muhammet pygamberiň jaýlanan metjidiniň daşyna edilen hüjümde başga-da bäş adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Gürrüňi edilýän bu metjide her ýyl bütin dünýäden millionlarça adam barýar.

Saudy ministrliginiň berýän maglumatyna görä, hüjümçi öz ulagyny awtoduralgada goýansoň, howpsuzlyk resmileri oňa golaýlaşan mahaly bombany partladypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Saud Arabystanynda amala aşyrylan bu hüjümler, musulmanlar Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli mukaddes baýramçylyk dabarasyny belleýän gününe we soňky bir hepdäniň dowamynda Türkiýede, Bangladeşde we Yrakda edilen bombaly hüjümleriň yzýanyna gabat geldi.

Şol wakalarda ýüzlerçe adam heläk bolup, bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG