Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýa: Janyndan geçen geçen hüjümçi gözlenýärdi


Indoneziýanyň polisiýa güýçleri.

Indoneziýanyň polisiýa güýçleri.

Indoneziýanyň polisiýasy 5-nji iýulda polisiýa merkezine hüjüm edip, özüni partladan we bir polisiýa ofiserini ýaralan motosikletli hüjümçiniň “Yslam döwleti” atly söweşiji topar bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän gaçgaklykdaky adamdygyny aýdýar.

Polisiýa mundan alty aý ozal Surakarta sebitindäki söweşiji öýüne edilen reýdde şübheli Nur Rohmanyň howpsuzlyk güýçleriniň elinden ussatlyk bilen sypandygyny belleýär.

Bomba ýasaýan Rohmanyň Siriýadaky “Yslam döwleti” topary bilen işleşýändigine ynanylýardy diýip, polisiýa nygtaýar.

Nur Rohmanyň Surakarta polisiýa departamentiniň daşyna baryp, oňa polisiýa ofiseri golaýlaşan mahaly özüni partladandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG