Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Mobil internet çäkliligine galýar


Internet kafe, Türkmenistan
Internet kafe, Türkmenistan

Türkmenistanda mobil telefonlar arkaly internet aragatnaşygy çäkli bolup galýar.

Häzirki wagtda MTS kompaniýasynyň mobil telefonlar arkaly üpjün edýän internet aragatnaşygynyň 4-nji iýuldan bäri, ýagny iki günden bäri işlemeýändigini, Altyn Asyr (“TMCell”) döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatlarynyň bolsa, düşenbe güni agşam sagat altydan soň işläp başlandygyny, emma tizliginiň örän haýaldygyny Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler.

Türkmenistanda mobil Internetiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý 25-nji iýunda ýüze çykdy. Şonda ýurtda mobil telefon aragatnaşygyny üpjün edýän kompaniýalaryň ikisiniň-de mobil telefonlar arkaly berýän internet hyzmatlary kesildi.

"TMCell"

Türkmenistanda Internete gözegçilik edýän we Internet üpjünçiligini amala aşyrýan “Türkmentelekom” döwlet kärhanasynyn adynyň agzalmagyny islemedik resmisi ýurtda mobil telefonlar arkaly internet aragatnaşygynyň çäklendirilmeginiň sebäbini düşündirip, munuň 3G görnüşden 4G görnüşe geçirilmegi bilen baglydygyny aýtdy.

MTS

Bu gezek Türkmenistanda mobil Internetiň kesilmeginiň sebäplerini MTS kompaniýasynyň özünden anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň Orsýetiň MTS kompaniýasyndaky çeşmesi geçen hepdede Türkmenistanda mobil Internetiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň yzygiderli ýüze çykýandygyny we munuň tehniki näsazlyklar bilen baglydygyny, süýşýän çägeli topragyň aşagyndan geçýän simleriň yzygiderli sandan çykýandygyny aýtdy.

Käbir maglumatlarda Türkmenistanda MTS-iň 1,89 million, “Altyn Asyryň” bolsa 3,5 million ulanyjysynyň bardygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG