Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: Ýaragly adamlar harby baza hüjüm etdi


Ýemende amala aşyrylan hüjümleriň birinde ýaşaýjylar partlamanyň bolan ýerinde gözleg işlerini geçirýärler.
Ýemende amala aşyrylan hüjümleriň birinde ýaşaýjylar partlamanyň bolan ýerinde gözleg işlerini geçirýärler.

Ýemeniň “Aden” adyndaky halkara aeroportunyň golaýyndaky harby baza edilen iki hüjümde azyndan ýemenli alty harby öldi we başga-da onlarça adam ýaralandy.

Habar gulluklarynyň Ýemeniň howpsuzlyk çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, janyndan geçen iki hümüçi bombaly iki ulagy partladansoň, 20-den gowrak “jyhadçy” bazanyň içindäki esgerlere hüjüm edipdir.

Ýemende hökümet güýçleri bilen Eýranyň ýaranlygyndaky huti pitneçileriň arasynda bir ýyl dowam eden konflikt zerarly emele gelen durnuksyzlykda yslamçy söweşijiler has-da güýçlendiler. Huti pitneçileri häzirki wagt Ýemeniň paýtagty Sanaa kontrollyk edýärler.

Emma Ýemeniň deňziň kenarynda ýerleşýän Aden şäheri hökümet güýçleriniň kontrollygynda saklanyp galýar.

Ýemen prezident Ali Abdullah Salehiň 22 ýyl häkimiýet başynda galan döwri dörän durnuksyzlyk sebäpli syýasy krizisi başdan geçirýär. Bu döwürde “Al-Kaýda” hereketine we “Yslam döwletine” ygrarly radikal söweşiji toparlaryň her biri Ýemende has köp territoriýany ele geçirmäge synanyşýar.

XS
SM
MD
LG