Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk harby dikuçary heläkçilige uçrady, 7 adam öldi


Türk harbylary.
Türk harbylary.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri 5-nji iýulda ýurduň demirgazyk-gündogaryndan türk esgerlerini we harbylaryň maşgalalaryny getirýän dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde ýedi adamyň ölendigini we başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.

Türkiýäniň premýer-ministri “uçaryň heläkçilige uçramagyna howa şertleriniň sebäp bolandygy anyklandy” diýdi.

“Sikorsky” kysymly dikuçar, Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli oraza baýramyny bellemek üçin Gara deňzindäki harby posta baran harbylaryň aýallaryny we çagalaryny yza dolandyrýan mahaly, heläkçilige uçrady.

Bu wakada ölenleriň arasynda brigada generaly hem bar.

Türkiýe ýurduň günorta-gündogaryndaky kürt söweşijilerine garşy söweşýär. Bu sebitde söweşijileriň türk howa uçarlaryna hüjüm edýändigi barada maglumatlar bar.

XS
SM
MD
LG