Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Gürjüstana, Ukraina sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri konflikte bürenen Gürjüstany we Ukrainany transatlantik jemgyýeti tarapyndan üzňelige taşlanan däldiklerine ynandyrmak üçin raýdaşlyk saparyny amala aşyrýar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Kerriniň 6-njy iýulda Tbiliside gürji hökümeti we oppozision liderleri bilen duşuşyp, Gürjüstanyň “Ýewro-atlantik ymtylyşyna” öz goldawyny teklip etjekdigini aýtdy.

Kerriniň öňümizdäki gün Kiýewe sapar edip, ol ýerde Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktiň soňuna ýetmegiň ýollaryny maslahat etmegine garaşylýar.

Orsýet Gürjüstanyň iki separatist sebitinde, ýagny Abhaziýada we Günorta Assetiýada öz goşunyny saklaýar.

XS
SM
MD
LG