Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Kamenşçige garşy gozgalan sud işi ýatyryldy


Moskwanyň “Domodedowo” adyndaky halkara aeroportunyň eýesi Dmitriý Kamenşçik.
Moskwanyň “Domodedowo” adyndaky halkara aeroportunyň eýesi Dmitriý Kamenşçik.

Orsýetiň prokurorlary ýurduň derňewçilerine Moskwanyň “Domodedowo” adyndaky halkara aeroportunda bolan ýowuz terroristik hüjüm bilen baglanyşykly howa menziliniň eýesine garşy gozgalan jenaýat işini ýatyrmagy tabşyrdy.

Bu baradaky tabşyryk, mundan bir hepdä golaý ozal Moskwanyň sudy Dmitriý Kamenşçige we aeroportuň iki ýolbaşçysyna garşy girizilen öý tussaglygyny güýçden aýyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Kamenşçik we aeroportuň iki ýolbaşçysy mundan bäş ýyl ozal “Domodedowo” aeroportunda bolan janyndan geçen bombaçynyň hüjümi döwründe howpsuzlyk bilen baglanyşykly ýalňyşlyklaryň bolan bolmagy mümkin diýlip öý tussaglygyna höküm edilipdiler.

Orsýetiň Baş prokuraturasy özüniň 6-njy iýulda beren maglumatynda bu baradaky kararyň ýurduň Derňew komitetine ugradylandygyny we ony şikaýat edip bolmaýandygyny mälim etdi.

Moskwanyň “Domodedowo” adyndaky halkara aeroportunda bolan şol hüjümde 37 adam ölüp, başga-da 172 sanysy ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG