Sepleriň elýeterliligi

‘Zika’: Fransuz kompaniýasy ABŞ-nyň armiýasy bilen işleşer


Laboratoriýa.

Laboratoriýa.

Häzirki wagt “Zika” wirusyna garşy waksina sanjymyny taýýarlamagyň üstünde işleýän dünýäniň iň uly farmasewtika kompaniýasy bu ugurdaky tagallalary güýçlendirmek üçin Birleşen Ştatlaryň armiýasy bilen bilelikde işleşjekdigini aýdýar.

“Zika” wirusynyň göwredäki çaganyň şikesli dogmagyna sebäp bolýandygy çaklanylýar we bu wirusyň Braziliýada we onuň golaýyndaky ýurtlarda ýaýrandygy habar berilýär.

Dermanlary öndürýän “Sanofi” kompaniýasy bu baradaky ylalaşygy 6-njy iýulda yglan edip, Birleşen Ştatlardaky “Walter Reed Army” barlag instituty (WRAIR) bilen ylmy barlag we ösüş ugry boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

Dünýäde başga-da birnäçe kiçi kompaniýalar “Zika” wirusyna garşy waksina sanjymlaryny işläp taýýarlamaga çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG