Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň harby güýçleri ok atyşygy 3 günlük bes etdi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we siriýaly harbylar.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we siriýaly harbylar.

Siriýanyň harby güýçleri “asudalyk režimi” diýip, ok atyşygy birtaraplaýyn bes etdi. Bu karar 8-nji iýulda gije ýaryna çenli 72 sagat dowam eder diýip, ýerli we halkara media agentlikleri habar berýärler.

Bu beýanat, ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat ýurtlarda Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli oraza baýramy bellenilýän mahalyna gabat geldi.

Emma beýanatda uruş hereketleriniň soňa goýlan anyk ýerleri barada maglumat berilmeýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň araçylyk etmeginde gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk ýerli çaknyşyklar zerarly bozuldy.

Siriýada 4 ýarym ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 250 müňden gowrak adam öldi we 11 million siriýaly öz öýüni terk edip, başga ýere göçmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG