Sepleriň elýeterliligi

Abadan partlamalaryna bäş ýyl boldy


Abadan, partlama wagtyndaky ýangyn

Abadan, partlama wagtyndaky ýangyn

Aşgabadyň alkymyndaky Abadan şäherinde, öňki Büzmeýiniň Güneşli posýologynda ok-ýarag ammarynda bolan partlamalardan bäri bäş ýyl geçdi, emma hökümet bu senäni dymyp garşylady.

Şonda türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň bar ýerinden görünýän gara tüsseleri, tutuş ýurda ýaýran ölüm-ýitim habarlaryny ýaşyrjak bolup, bu wakany birnäçe günläp inkär etmäge çalşypdy.

Emma soň, her hilem bolsa, Abadan betbagtçylygy bölekleýin boýun alyndy, pidalaryň sany aýdyldy, çekilen ýitgileriň belli derejede öwezini dolmak üçin kompensasiýa tölendi.

Ýöne muňa garamazdan, bu wada boýunça açyk we doly derňew geçirilip, bolan hadysa, oňa getiren sebäpler, bu iş boýunça jogapkärçilige çekilen adamlar, olaryň näderejede günäkärdigi we kesgitlenen jeza çäreleri, geljekde şeýle zatdyň gaýtalanmazlygy üçin görlen çäreler barada jemgyýetçilige açyk-aýdyň habar, düşündiriş we maglumat berilmedi.

Ikinji tarapdan, ozalky Büzmeýin, Abadan şäheri Aşgabada birikdirilip, kartadan aýryldy we bu betbagtçylyk, onda pida bolan adamlar resmi metbugatda asla ýatlanylmaýar diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Azatlyk radiosy Abadan betbagtçylygy we Güneşlidäki ýarag ammarynda bolan partlamanyň halk we hökümet tarapyndan ýatlanylyşy barada aşgabatly ýazyjy, bu waka barada bäş ýyl ozalam Azatlyga maglumat beren ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG