Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilkot derňewi Yrak urşy barada ‘ýiti’ netije çykardy


Jon Çilkot. 6-njy iýul, 2016 ý.
Jon Çilkot. 6-njy iýul, 2016 ý.

2003-nji ýylda Yraga edilen çozuşyň şertleri we "sapaklary" barada britan hökümeti tarapyndan berlen tabşyryk boýunça ýedi ýyllap alnyp barlan umumy derňewde ýurduň ýolbaşçylary "ýaragsyzlanyş üçin parahatçylykly mümkinçiliklerden peýdalanman" urşa girişipdir diýen netijä gelinýär.

Çilkot diýip atlandyrylýan derňewde bu göçümiň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň abraýyna zyýan ýetirendigi, sebäbi harby hereket üçin geňeşiň köplüginiň goldawynyň alynmandygy aýdylýar.

2.6 million sözden ybarat hasabatda Britaniýanyň "Işçi" (Labour) partiýasynyň agzasy öňki premýer-ministr Toni Blair berk tankytlanýar. Ol köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň terrorçy toparlaryň eline düşmek howpy real diýen delil bilen Yragyň lideri Saddam Husseýni agdarmak üçin Birleşen Statlaryň amala aşyran inwaziýasyna goşuldy.

Komissiýa Blair amerikan prezidenti Jorj Buşa bolan ynama daýanyp, çozuşdan sekiz aý öň "näme bolsa-da, men siz bilen bolaryn" diýip, Yrakdan abanyp duran howpuň ýokdugyna garamazdan, Beýik Britaniýany urşa girizdi diýip netije çykarýar.

“Harby hereket iň soňky çykalga däldi”

Britaniýanyň häkimiýet başyndan aýrylyp barýan konserwatiw premýer-ministri Dawid Kameron Çilkot derňewine reaksiýa görkezip, şol wagt harby herekete ses berenler jogapkärçiligi paýlaşmaly diýdi. Ol geljek hepde Britaniýanyň parlamentiniň aşaky palatasynda bu mesele boýunça iki gün pikir alşylmagyny teklip etdi. Kameron syýasatçylar dogry hasaplasalar-da, bular ýaly töwekgelçilikli işlerde harby hereketiň üstünlige getirmegi barada hiç bir kepilnama ýok diýdi.

Jon Çilkotyň ýolbaşçylygynda alnyp barlan derňewde 150 şaýadyň görkezmesi diňlenip, 150 müň dokument gözden geçirildi.

Gelnen netijäni 6-njy iýulda Londonda mälim eden Çilkot: "Britaniýa ýaragsyzlanyş üçin parahatçylykly ýollardan peýdalanylmanka, Yraga edilen çozuşa goşuldy. Şol wagt harby hereket iň soňky çykalga däldi" diýdi. Ol soňra hem Blairiň hökümetiniň Saddam Huseýniň ýaraglaryndan abanýan howpa beren bahasy "hiç bir halatda aklarlyk däl" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Çilkot Britaniýanyň Yrakdaky harby hereketiniň kanuny bazasy "kanagatlardan has uzak" diýýär.

“Yurduň bähbidine”

Toni Blair hasabatyň netijelerine jogap berip, özüniň Yrakda "hoş niýetlilik we ýurduň bähbidine diýen ynanç bilen" hereket edendigini aýdýar.

Ol goýberilen ýalňyşlyklaryň jogapkärçiligini doly kabul edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Blair adam ýitgilerine we Britaniýanyň ýaragly güýçleriniň çeken zyýanlaryna gynanýandygyny belledi.

Yrak urşy Beýik Britaniýada, şeýle hem Amerikanyň ýolbaşçylygynda 2003-nji ýylyň mart aýynda edilen çozuşa açyk ýa ýaşyryn gatnaşan ýurtlaryň aglabasynda aýgytly syýasy tema bolup durýar.

Hasabatyň 6-njy iýulda ýaýradylmagy urşa garşy demonstrantlaryň ünsüni özüne çekdi. Olaryň käbiri Blairiň söweş jenaýatlary üçin suda çekilmegini talap edýärler.

2003-nji ýylda Yrak urşunda ölen 179 britaniýaly esgerleriň hem garyndaşlary komissiýanyň gelen netijelerini eşitmek üçin Londona ýygnandylar.

XS
SM
MD
LG