Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman migrantlara garşy dalaşgär gaýtadan synalýar


Norbert Hofer.
Norbert Hofer.

Awstriýada prezidentlik saýlawlary gaýtadan geçiriler.

"Biz musulmanlaryň Ýewropany basyp almagyna pursat bermeli däldiris" diýen sözi aýdan Norbert Hoferiň Awstriýanyň prezidenti bolaýmagy gaty ähtimaldy. Maý aýynda geçirilen saýlawlarda onuň gaty az aratapawut bilen şowsuzlyga uçrandygy mälim edildi.

Emma Awstriýanyň Baş kanun boýunça kazyýeti prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegi barasynda karar çykardy. 22-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda milletparaz “Azatlyk” partiýasynyň dalaşgäriniň ýeňiş gazanyp bilmändigi mälim edildi.

Immigrasiýa garşy bolan “Azatlyk” partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Norbert Hofer, saýlawlarda 30 müň ses aratapawut bilen şowsuzlyga uçramagyndan soň kazyýete ýüz tutup, sesler sanalýan mahaly säwlikleriň goýberilendigi barada arz etdi. Saýlawlarda berlen sesleriň umumy sany bolsa 4,5 milliondyr.

Baş kazy Gerhart Holzinger 1-nji iýulda Wenada eden çykyşynda berlen arzanyň kanagatlandyrylandygyny aýan etdi. Baş kazy "Ýagny, başgaça aýdylanda, bu tutuş Awstriýada prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegini aňladýar" diýip belledi.

Saýlawlar güýzde bolar

Geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesiniň goýbolsun edilmegi ýurtda agzalalygy hasam möwjedip biler. Hut 22-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda hem taraplardan biriniň gaty az aratapawut bilen üstünlik gazanmagy hem muny açyk ýaňzydýar.

“Ýaşyllar” partiýasynyň goldaýan prezidentlik dalaşgäri Wan der Bellen Hofer üstünlik gazanmadyk bolsady, onda soňky Jahan urşundan bäri Ýewropada ilkinji populist dalaşgär prezident saýlanjakdy. Baş kanun boýunça kazyýetiň çykaran bu karary “Azatlyk” partiýasynyň ýurtdaky syýasy erkiň Hoferiň gazanan üstünligini tanamak islemeýändigini öňe sürmegine mümkinçilik döredip biler.

Içeri işler ministrliginiň beýanatyna görä, gaýtadan geçiriljek prezidentlik saýlawlary güýzde bolar. Mundan owalky saýlaw iki tapgyrly bolupdy. Saýlawlarda migrasiýa we ÝB bilen gatnaşyklar temalary syýasy agzalalygyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Güman edilşine görä, gaýtadan geçiriljek saýlawda hem ýene şeýle ýagdaýlar gaýtalanar.

Barlaglaryň netijesi

Baş kanun boýunça kazyýet, köpsanly saýlaw nokadynda saýlawa gaýybana gatnaşan raýatlaryň saýlaw hasabatlarynyň pozulandygyny bildirdi. Arz-şikaýat bilen ýüz tutan “Azatlyk” partiýasyndan bolsa haýsam bolsa bir subutnama talap edilmedi. Sebäbi ol partiýanyň arz-şikaýaty edil bu ugurdan däldi.

"Gallup" firmasynyň geçiren "eksit-pol" barlagynyň netijelerine görä, Wan der Bellen Hofer diňe yüzden bir göterim aratapawut bilen saýlawda üstünlik gazandy we bu maglumat "Österreich" atly gündelik gazetde çap edildi.

Geçen ýyl, bosgunlar akymynyň möwjän mahaly, “Azatlyk” partiýasyna berilýän goldaw ýüzden 30 göterimden-de geçdi. Bu netijäniň prezidentlik saýlawy mahalynda hem üýtgemändigi bildirilýär. Barlagyň netijelerine görä, tutuş ýurtda saýlawçylaryň ýüzden otuz üç göteriminiň ol partiýa ses berjegi äşgär edildi.

Hökümetdäki sosial-demokratlaryň bolsa diňe ýüzden ýigrimi bäs göterim ses aljagy aýan edildi. Heinz-Christian Stracheniň ýolbaşçylyk edýän “Azatlyk” partiýasy öz arz-şikaýatyny saýlawlara gaýybana gatnaşan raýatlaryň saýlaw dokumentleri bilen baglanyşdyrylýar. Takmynan 760 müň saýlawçy öz saýlaw dokumentini poçtanyň üsti bilen iberipdir ýa-da olary saýlawdan bir gün owal öz saýlaw nokadyndaky guta oklap gidipdir.

Sanlary käbiri “pozuldy”

Şaýatlaryň bildirmegine görä, hut şol saýlawçy dokumentleriniň sanalýan mahaly bellige alnan sanlaryň käbiriniň pozulandygyna duş gelnipdir. Ondan daşgaryn hem, birnäçe saýlaw nokadynda işlän saýlaw resmileriniň kazyýete bildirmegine görä, sesleriň sanalmagyny hasam çaltlandyrmak üçin, onlarça ýyldan bäri düzülýän hasabaty bilkastlaýyn umumylaşdyryp, hasam "aňsatlaşdyrypdyrlar". Käbir saýlaw nokatlarynda welin sesleriň sanalmak kadasyna doly eýerilipdir.

Geçen hepdede Awstriýanyň içeri işler ministri Wolfgang Sobotka öz çykyşynda, bu ýagdaýyň "düzgüniň gaty gödek bozulandygyny" ýaňzydýandygyna aýratyn üns çekipdir.

Ýewropa soňky ýyllarda Siriýa, Yrak, Owganystan ýaly musulman ýurtlardan 1 milliondan gowrak bosgun geldi.

Bu ýagdaý bolsa diňe Awstriýada däl, eýse Fransiýa, Belgiýa, Gollandiýa ýaly käbir ýurtlardada bolýan saýlawlarda saýlawçylary milletparazlary has köpräk goldamaga iterdi.

XS
SM
MD
LG