Sepleriň elýeterliligi

ÝB Gollandiýanyň Ukraina bilen ylalaşyk boýunça talabyny ret etdi


Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte (ç) ÝB-niň Ukraina bilen söwda we bileleşik baradaky ylalaşygy boýunça referendumda ses bertýär, Gaaga, 6-njy aprel, 2016

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte (ç) ÝB-niň Ukraina bilen söwda we bileleşik baradaky ylalaşygy boýunça referendumda ses bertýär, Gaaga, 6-njy aprel, 2016

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) gollandiýaly ses berijileriň aladalanmalary esasynda Ukraina bilen aragatnaşyk baradaky ylalaşygynda hiç hili üýtgeşiklikleri göz öňünde tutmaýandygyny, emma Ukrainanyň bileleşige agza bolmagyna degişli öňegidişligiň ýokdugy barada jarnamany ýaýratmagynyň ähtimaldygyny Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary aýdýarlar.

Gollandiýanyň raýatlarynyň aglaba bölegi aprel aýynda geçirilen hökmany bolmadyk referendumda Ukraina bilen söwda we bileleşik baradaky ylalaşyga garşy çykyş edipdi. Netijede Gollandiýa Ýewropa Bileleşiginiň ylalaşygy tassyklamagyna garşy çykan ýeke-täk agzasy bolupdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina baran resmi toparynyň ýolbaşçysy Jan Tombinskiniň 6-njy iýulda Kiýewde žurnalistlere aýtmagyna görä, Ýewropanyň liderleri Gollandiýanyň ýolbaşçylarynyň Ukraina bilen ylalaşyk boýunça beýleki agza ýurtlaryny gaýtadan ses berişlik geçirmäge mejbur edýän teklipleri öňe sürmeli däldigini duýdurypdyr.

XS
SM
MD
LG