Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň kansleri birinji gezek Gyrgyzystana sapar eder


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 1-nji aprel, 2015

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 1-nji aprel, 2015

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 13-14-nji iýulda ilkinji gezek resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar, diýip gyrgyz resmileri aýtdylar.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň 7-nji iýulda aýtmagyna görä, Merkel Bişkekde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, şeýle-de ýurduň parlament agzalary we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşar.

Merkel we Atambaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary, regional we halkara meseleleri ara alyp maslahat ederler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier mart aýynda Gyrgyzystana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edipdi we resmi maglumatlara görä, terrorizme garşy göreş, regional hyzmatdaşlyk we ykdysady gatnaşyklar ýaly meseleleri maslahat edipdi.

XS
SM
MD
LG