Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat: Ýurtda galla plany dolduryldy


Ahal regionynda galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlar.

Ahal regionynda galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlar.

Şu ýyl Türkmenistanda 1,6 million tonna gallanyň ýygnalandygy habar berilýär. Bu san ýurtda galla hasylyny almak boýunça döwlet tarapyndan kesgitlenen galla planynyň dört ýyldan soň, indi ilkinji gezek doldurylandygyny görkezýär.

6-njy iýulda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde türkmen daýhanlarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça plan-borçnamalaryny ýerine ýetirendigi habar berlip, şu güne çenli döwlet harmanyna 1,6 million tonna bugdaýyň tabşyrylandygy aýdyldy.

Ýerli wagt bilen sagat 21:00-da efire giden “Watan” habarlar gepleşiginde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän “Galla baýramyny” uly dabara bilen bellemek hakynda tabşyryk berendigi habar berildi.

Emma 7-nji iýulda efire berlen “Watan” habarlar gepleşiginde we neşir edilen gazetlerde ýurtda şu ýyl galla hasylyny almak boýunça göz öňünde tutulan döwlet planynyň dolandygy barada hiç hili maglumat berilmedi diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew habar berýär.

Sebäbini anyklamak kyn

Munuň deregine, 6-njy iýulda çap bolan merkezi gazetlerde Ahal welaýatynyň gallaçylarynyň 450 müň tonna galla ýygnap, plan-borçnamasyny berjaý edendigi tekrarlanýar.

Penşenbe güni neşir edilen gazetlerde bolsa Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň 300 müň tonnadan gowrak däne ýygnap, bugdaý planyny ýerine ýetirendigi bellenilýär.

Bu maglumatyň näme sebäpden “Watan” programmasynyň gepleşiklerinden aýrylandygyny, gazetlerde bu barada näme sebäpden maglumatyň berilmeýändigini anyklamak kyn.

26-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan.gov” Internet saýtynda ýurtda galla oragynyň barşynda 1 million tonna däne hasylynyň ýygnalandygy mälim edildi. Emma bu maglumatyň jikme-jikligi äşgär edilmedi.

“Ýyllyk zähmet girdejisi bir aýlyk güzerana-da ýetmeýär”

Şol bir wagtyň özünde Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan oba hojalygy pudagyna tehnika, dökün, suw üpjünçiligi meselelerinde ýeterlik derejede goldaw berilmeýändigini aýdýarlar.

Şol sebäpli käbir daýhanlar öz göz öňünde tutan hasyllaryny alyp bilmeýändigini we “bir ýyllyk zähmet girdejisiniň bir aýlyk güzerana-da ýetmeýändigini” aýdýarlar.

“Dört-bäş sapar suwa ýakmagyň deregine, bugdaý ýetişýänçä bir-iki gezek suwa ýakyp bilýäris. Onsoň hasylymyz hem şoňa görä pes bolýar. Bugdaýyň hem boýy pes bolup, kombaýnlar hem talabalaýyk ýygyp bilmeýär, ýarpysyny alýar-da, ýarpysyny hem ýere döküp gidýär. Şonuň netijesinde biziň alýan hakymyz gaty ujypsyzja. Bir ýylky eden azabymyzdan alýan girdejimiz bir aýjygam biziň hojalygymyzy ekläp bilmeýär. Onsoň nireden güzeranyňy görmeli?” diýip, Mary welaýatyndan Orazsähet gürrüň berýär.

Türkmenistanda her ýyl diýen ýaly döwlet tarapyndan kesgitlenýän plana laýyklykda, türkmen daýhanlary 1,6 million tonna däne tabşyrmaly. 2015-nji ýylda Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna, 2014-nji ýylda 1 million 100 müň tonna galla hasyly ýygnaldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG