Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Warşawada rus howpy maslahatlaşylar


Polýak goşunlary NANO-nyň söweş tälimleri mahalynda paraşýutdan bökýärler. 7-nji iýun, 2016 ý.
Polýak goşunlary NANO-nyň söweş tälimleri mahalynda paraşýutdan bökýärler. 7-nji iýun, 2016 ý.

Warşawa sammiti köp babatda Weýlsiň dowamy bolar.

NATO iki ýyl mundan ozal adatdan daşary ýagdaý şertlerindedi, bu günki gün ol uzak we dartgynly konfliktler babatynda plan düzýär.

Atlantik ýaranlyk iki ýyl ozal öz gözbaşlaryna dolanyp, öz ýaranlaryny goramak baradaky düýp missiýasyna gaýtadan ünsüni gönükdirdi. Bu günki gün bolsa ol barha öç alyjy häsiýete eýe bolýan Orsýeti togtatmak, onuň öňüni almak üçin, metodiki çäreleri görýär.

NATO ýolbaşçylary geçen gezek 2014-nji ýylyň sentýabrynda Newportda, Weýlsde duşuşdy. Şonda Krymyň anneksiýa edilenine, gündogar Ukrainadaky konflikte bary-ýogy birnäçe aý bolupdy, Orsýetiň Günbatara garşy agressiw pozisiýasy ýaňy öz durkuna gelipdi.

Şol wagt "gibrid urşy" entek täze bir termin bolup, her kim kim oňa düşünjek bolup çytraşýardy.

Eger 2014-nji ýylda Weýlsde bolan sammit krizise haýal etmän jogap tapmak barada bolan bolsa, ýaranlygyň bu hepde Warşawada geçirýän sammiti Moskwa bilen uzak möhletli gapma-garşylyga durnukly we berkhowpsuzlyk çärelerini görmek barada bolar.

Polşanyň paýtagtynda 8-9-njy iýulda kabul ediljek kararlar gelýän onýyllyklary nazarda tutýar diýip, ýaranlygyň resmileri aýdýarlar.

"Bu ugurda şaýat bolan deňiz üýtgeşikligimiz babatda hasdegerli çäre görmek üçin Günbatar howpsuzlygyna täzeden seredýän wagtymyzda,bu täze bir zamananyň alamaty bolar" diýip, Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilves maý aýynda sözlän sözünde aýtdy.

Şeýle-de bu sammit Breksitiň, Angliýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmek boýunça geçiren ses berişliginiň döreden duýguçyl bir ýagdaýynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Şeýlelikde, Warşawada näme garaşmaly?

Gündogar front

Elbetde, Orsýetiň öňüni almak we onuň serhetleşýän döwletlerinde NATO-nyň serhet liniýalarynyň goragyny gaýtadan kepillendirmek sammitiň baş temasy bolar.

"Transatlantik liderleri oňaýsyz bir reallygy boýun almaly: Ýewropadaky parahatçylyk, howpsuzlyk we demokratik durnuklylyk indiden eýläk bolaýmaly zat ýaly kabul edilip bilinmez" diýip, Birleşen Ştatlaryň NATO-daky ozalky ilçisi, Nikolas Börns (Nicholas Burns) we NATO-nyň ozalky komandiri Jeýms Jons (James Jones) Atlantik Geňeş üçin ýazan soňky hasabtlarynda aýtdylar.

NATO iki ýyl ozal Weýlsde Estoniýada, Latwiýada, Litwada, Polşada we Ruminiýada täze harby desgalary gurmagy, şeýle-de howp abanan agza döwlete iki gün içinde kömege ýetişmek üçin çalasyn hereket edýän täze goşun döretmegi karar etdi.

Ýaranlyk Warşawada özüniň gündogar serhetlerini -Estoniýada, Latwiýada, Litwada we Polşada, her biri müňe çenli esgerli, dört sany söweş batalýonyny döretmek, bilen has berkider öýdülýär.

Bu batalýonlara, aýry-aýrylykda, Birleşen Ştatlar, Angliýa, Germaniýa we Kanada komandirlik eder.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky batalýon Polşada, ähtimal, polýak-litwa serhediniň 100 km uzaklygynda, Belarus bilen Orsýetiň Kaliningrad regionynyň aralygyndaky Suwaligi diýen ýeriň içinde ýa golaýynda ýerleşdiriler.
Harby ekspertler, konflikt bolan ýagdaýynda, Orsýet bu ýeri eýeläp, baltika ýurtlarynyň arasyny ýaranlygyň galan böleginden kesip biler öýdüp howatyr edýärler.

Germaniýanyň ýolbaşçylygyndaky batalýon Litwada, Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky batalýon Estoniýada ýerleşdiriler öýdülýär. Kanada bolsa Latwiýadaky batalýona komandirlik eder.

Mundan başga, Waşington Baltika regionynda we Bolgariýa bilen Ruminiýada ýerleşdiriljek 3500 esgerli amerikan goşunyna hem razylyk berdi. Bu ýerdäki esasy bazada häzir, ABŞ-nyň tälim merkezi hökmünde ulanylmagy üçin, giňeldiş işleri alnyp barylýar.

Munuň üstesine, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg iýunda ýaranlygyň Ruminiýanyň 3 müňden 5 müňe çenli aralykda köpmilletli goşun saklamak we we oňa ýolbaşçylyk etmek teklibine hem seretjekdigini aýtdy. Bu goşun tälim beriş işlerini utgaşdyrar we öňüni alyş roluny oýnar.

Demirgazyk tarap

Eger-de bu öňüni alyş başa barmasa näme?

Harby synçylar, demirgazyk Ýewropanyň geografiýasy bilen baglylykda, Baltika döwletleriniň, hatda ol ýerlerde NATO goşunlary ýerleşdirilen ýagdaýynda hem, Orsýetiň ilerlemesini saklardan gowuşgynsyz bolajakdygyny aýdýarlar.

RAND korporasiýasy golaýdaky uruş oýunlary bilen baglylykda, Baltika döwletleriniň birdenkä basylyp alynmagynyň öňüni almak üçin, NATO-nyň ýedi sany goşun brigadasyna, şol sanda agyr bronly tehnika, «dogry-dürs goldawly harby-howa güýçlerine... we beýleki gury ýer goşunlaryna mätäçdigi» baradaky netijä geldi.

Emma, regionyň durnukly goragyny üpjün etmek ýa-da NATO-nyň öz agzalarynyň toprak bütewiligini doly dikeltmegi üçin hatda şeýle goşunyň-da ýeterlik bolmazlygy mümkin.

Onsoň bu, synçylaryň aýtmaklaryna görä, NATO-nyň iki sany agza däl döwlete, Finlandiýa we Şwesiýa barha kän ýakyn hyzmatdaş we ýaran hökmünde seretmegine sebäp bolýar.

"Finleriň we şwedleriň kömegi bolmasa, NATO-nyň Baltika döwletlerini aýgytly rus hüjüminden goramagy kyn düşer" diýip, golaýda «Täze Sowuk uruş» atly kitap ýazan Edward Lukas aýdýar.

Günorta oňaýsyzlygy

Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi we bu ýarymadany harbylaşdyrmagy NATO-ny günorta tarapa, Gara deňze hem içgin seretmäge mejbur edýär. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu ýagdaý barada söz açyp, «Rus kölüniň» töwekgelliklere öwrülýändigini aýtdy.

"Ukraina goşun salmak we Krymy anneksiýa etmek bilen, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin howpsuzlyk ýagdaýyny Gara deňze geçirdi" diýip, Amerikan Daşary syýasat geňeşiniň ylmy işgäri Stephen Blank ýazýar.

Ruminiýa, gaýtawul bermek tagallasynyň çäginde, Warşawada Gara deňizde hemişelik köpmilletli harby-deňizpatrulyny döretmäge çagyrmagy planlaşdyrýar.

Stoltenberg iýunda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Orsýetiň Krymda düýpli ornaşmagy sebäpli, bu meseläniň sammitiň gün tertibinde boljakdygyny aýtdy.

Emma NATO-nyň Gara deňiz floty diýilýäni döretmek gapma-garşylykly görünýär.

Bolgariýanyň premýer-ministri Moýko Borisow muňa öz ýurdunyň garşydygyny we beýle inisiatiwa gatnaşmajakdygyny açyk aýtdy.

Borisow iýunda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, bu çäräniň «Gara deňziuruş meýdanyna öwürjekdigini» we özüniň ol ýerde uruş gämilerini däl-de, eýsem öwrüm edýän ýahtalary we turistleri görmek isleýändigini aýtdy.

Bolgariýanyň garşy çykmagy munuň belki-de Warşawada çekişiljek iň bir çekeleşikli meseleleriň biri boljagyny görkezýär.

Kiber söweş meýdany

NATO Warşawada, Weýlsde başlanan tendesiýany dowam etdirip, kiber söweşleri meselesine-de üns berer diýip, ýaranlygyň resmileri aýdýarlar.
"Biz özümiziň öňki sammitimizde kiber goragynyň NATO-nyň kollektiw goranyşynyň esasy wezipeleriniň bir bölegidigini açyk-aýdyň etdik we halkara kanunçylygynyň kiber giňişligine-de dahyllydygyny tassykladyk" diýip, NATO-nyň uly derejeli resmisi aýtdy.

XS
SM
MD
LG