Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-sy türkmen žurnalistiniň boşadylmagyna çagyrýar


Azat Ýewropa/Azatlyk Radisoynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radisoynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň we beýleki garaşsyz media serişdeleriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli, AÝ/AR-sy žurnalistiň türmeden boşadylmagyna çagyryş edýän halkara guramalaryň hataryna goşuldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna giň göwrümli wideo maglumatlary taýýarlan Nepesgulyýewiň nirede saklanylýandygy we onuň saglyk ýagdaýy barada o diýen maglumat ýok.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinde tussaglykda saklanylýan Nepesgulyýew ýurduň günbatar regionynda sandan çykan infrastruktura desgalary, maliýe kynçylyklary, ykdysady deňsizlik we mekdeplerdäki agyr şertler barada maglumatlary taýýarlady.

Ol 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza şäherinde ýitirim boldy. 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen sud diňlenişiginden öň, Nepesgulyýew doly izolirlenen görnüşde saklanyldy.

Edilýän çagyryşlar

Şol sud diňlenişiginde ol neşe bilen bagly aýyplamalar esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar, bu aýyplamalaryň onuň žurnalistika işinden ar almak maksady bilen toslanyp düzülendigini aýdýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent Nepesgulyýewiň tussaglygyny “gözçykgynç we rehimsiz” diýip atlandyrdy. Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi Daniel Baer 7-nji iýulda Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda Nepesgulyýewiň dowam edýän tussaglygy barada aladalanma bildirip, Türkmenistany “ÝHHG-nyň #MediaAzatlygy baradaky borçnamalaryna hormat goýmaga” çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň kongressmeni we Kaukaz Media Azatlygy öýüniň ikinji başlygy Adam B. Şiff amerikan kongressmenleriniň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nepesgulyýewiň derhal türmeden boşadylmagyna çagyryş edýän ýüzlenmesine ýolbaşçylyk edýär.

Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we başga-da 12 sany media we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar prezident Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, “Nepesgulyýewiň bikanun tussaglygyny bes etmäge” we onuň derhal türmeden boşadylmagyna çagyryş etdiler.

“Eden-etdilikli tussag edildi”

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag edilmelere garşy iş topary Nepesgulyýewiň tussaglygyny “eden-etdilikli” diýip yglan etdi.

Media azatlygyna gözegçilik edýän ençeme toparlaryň, şol sanda “Freedom House” we “Serhetsiz reportýorlar” guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäde media azatlygyny ýiti depeleýän ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlar sebäpli AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň ýurduň içinde hereket edýän ofis edarasy ýok. Ýöne bu gulluk ýurduň döwlet kontrollygyndaky mediasyna türkmen dilindäki ýeke täk alternatiwa hökmünde ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlary esasynda işleýär.

Nepesgulyýewiň tussag edilen ýylynda Türkmen gullugynyň dokuz habarçysyndan altysy edilýän basyşlar zerarly öz işini taşlamaga mejbur edildi.

AÝ/AR-sy hususy, garaşsyz halkara habar guramasy bolup, onuň gepleşikleri radio, internet, telewideniýe we mobil internet arkaly 23 ýurda, şol sanda Orsýete, Ukraina, Eýrana, Owganystana, Pakistana, Merkezi Aziýa we Kawkaz respublikalaryna ýetirilýär. AÝ/AR-sy Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň Gubernatorlaryň Teleradiogepleşikler Geňeşi (BBG) tarapyndan maliýeleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG