Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abdyleziz


Dutar.
Dutar.

Käte beýle tanalmaýan adam hem sungata täsir ýetirip bilýär. Muny Abdyleziz Ymamowyň mysalynda gördük.

Myhman

Bir adaty gün “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasyna ýat myhman gelip, Kerim Gurbannepesowy sorady. Biz oňa redaktoryň gapysyny görkezdik.

Ol K. Gurbannepesowyň kabinetinden çykansoň, biz bilen tanyşdy.

– Men Abdyleziz Ymamow. Aslym Pelwertden, oturyşym Özbegistan. Men aýdymçy. Kerim aganyň “Pyragyny gören daglar” diýen goşgusyna aýdym döretdim. Magtymgulynyň “Gözel sen” goşgusyny-da özümçe aýdyma öwürdim. Telewideniýede çykyşym bar – diýip, ärsary şiwesi bilen özüni tanatdy.

Aýdylan güni telewideniýede çykyşyny gördük. Ol tar çalyp aýdym aýdýardy. Owazy gowudy, ýakymlydy. Aýdyş usuly, megerem, owgan türkmenleriniň äheňindedi.

Elbetde, ol “Daglary” Döwletgeldi Ökdür ýaly aýdyp bilmedi. Meniň pikirinçe, ol goşgynyň içine girmedi; diňe uzyn-uzyn çeküwli owaz bilen daga ýüzlendi.

“Gözel sen” hem o diýen bolmady. Ýöne goşgy örän güýçli hem manyly bolansoň diňlemek mümkindi. Beýleki, aýratyn-da, “Saýatly-Hemra” dessanyndan aýdan aýdymlary gowudy.

Tötänlik

Bir tötänlik bu aýdymçyny ýakyndan tanamaga ýol açdy.

Dänewe, pagtaçylaryň öňünde çykyş etmäge barypdyk. Giçlik bolýan myhmanhanamyzyň ýanyndaky tomusky klubda Abdyleziz Ymamowyň konserti bolýan ekeni. Biz ol konserte bardyk. Myhman hormatymyz üçin, öňden orun berdiler.

Abdylezizi diňläp başlanymda, beýik Magtymguly Garlynyň sözi ýadyma düşdi. Magtymguly aga hiç bir bagşyny kemsitmez ekeni. Haýsydyr bir bagşyny ýazgaryp, “onuň diňlärligi ýok” diýseler, “Beter beýle däldir, diňlär ýaly aýdymy bar” diýer ekeni. Bu Abdyleziz babatda-da şeýledi, onuň diňlär ýaly aýdymlary bardy. Aýratyn-da, iki aýdymy meniň üçin täzelik boldy.

Owaly bilen “Ýagma bulut”. Ol saz bilen aýdyma girişen badyna:

Ýag, ýaganak, ýaganak!

Guý, guýanak, guýanak!...

– diýip, şeýle bir gygyrdy welin, hyýalymyzda ýagyny ýagdyrdy. Onsoň “Ýagma buluda” başlady.

Beýleki geň galdyran aýdym “Dilber” boldy.

Beýik Hally bagşydan galan, soň ençme bagşylar tarapyndan timarlanan “Dilber” Adyleziziň tarynyň owazynda hem gowy ýaňlandy. Ol muny şeýle bir çeküwli, şeýle bir yhlas bilen aýtdy, asyl hiç bir bagşydan pes bolmady. Ine, bu kämillikdi.

Ýat ildäki bilbil

Owganystan bilen serhetde ýerleşen Termez şäheri SSSR zamanynda, iň yssy ýer saýylýardy. Biziň Repetek çölümiz howanyň gyzgynlygy boýunça Termezden soňky orundady.

– Biziň şäherimizde özbekler, türkmenler, täjikler hem gaýry milletler garyşyp oturýar. Ýurdum Özbegistan, men şonuň üçin tara ürç etdim. O ýerde dutar bilen gyjaga daýansaň, diňleýji tapdyrmajak. Başga bir milletiň sungaty bolsa saňa elýeterli däl. Öz ýolumy döredeýin diýdim. Men Döwletgeldi Ökdüriň “Pyragyny gören daglar” aýdymyny bilýän. Ony meniňem aýdasym gelýär. Sebäbi bizde-de dag bar. Eger Döwletgeldä ökünsem, meni diňlejek däller. Şonuň üçin ol goşga täze saz tapmaly boldum – diýip gürrüň berýär.

Onuň aýdymlary erkin. Kompozitorlar bileleşigi tarapyndan tassyklanmadyk, haýsydyr bir resmi komissiiýa tarapyndan kabul edilmedik aýdymlardy.

Ol ussatlaryň aýdýan aýdymyny-da özüçe, öz labzyna hem sesine laýyk edip aýtdy.

Telewideniýedäki çykyşyndan soň, Abdyleziz halk arasynda at aldy. Onuň aýdymlary Türkmen radiosynyda hem häli-şindi berlip durýardy. Abdyleziz diňlenýärdi. Ösüp gelýän ýaş adymçylaryň arasynda onuň aýdyş usulyna eýerýänler artyp başlady.

“Saýadyň”

– “Saýatly-Hemra” dessany gaty täsin eser – diýip, ol gürrüň berýär. – Onuň her goşgusy aýdymlaryň täji bolup dur. Men bu dessandan “Saýadyň” diýen goşgyny saýlap aýdym etdim. Şo döwürde Daşkentde aýdym-saz baýramçylygy geçirildi. Men oňa Termez şäherinden bir wekil bolup gatnaşdym. Özbekler aýdymlarymy haladylar, telewideniýe üçin ýazgy etdiler. Şondan soň özüme ynamym artdy. “Menem ile çyksam boljak ekeni” diýip ruhlanyp başladym.

“Saýadyň” Abdylezize uly abraý getirdi. Bu joşgunly hem örän liriki aýdymy soňra biziň beýleki ildeşimiz Babamyrat Hamdamow aýdyp başlady. Elbetde, Babamyrat ol aýdymy “men döretdim” diýmedi, ýöne “Abdyleziz döretdi” hem diýmedi.

Şol döwürlerde Abdyleziz Daň ýyldyzy bolup göze ildi. Soň kem-kemden soldy hem unudyldy.

Ýöne başlan ýoly dowam etdi. Özüçe aýdym döredýän ýa öňden bar bolan aýdymy özüçe aýdýan Akyş Sapar, Bally Hajy, Leýla Şadurdyýewa ýaly zehinli aýdymçylar, Çary Hekim ýaly sazandalar ýüze çykdy.

Abdyleziz biçäre şol erkin toparyň ilkinjilerinden biri boldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG