Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Awstraliýa harby missiýasynyň möhletini uzaltdy


Awstraliýanyň harbylary türgenleşik çäresinde, Owganystan

Awstraliýanyň harbylary türgenleşik çäresinde, Owganystan

Awstraliýa Owganystandaky harby missiýasynyň möhletini goşmaça ýene alty aýlyk, ýagny 2017-nji ýylyň ortalaryna çenli uzaltdy, şeýle-de bu möhleti ýene uzaltmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Awstraliýanyň hökümetiniň 8-nji iýulda aýtmagyna görä, bu ýurt Owganystanyň milli goşuny we milli polisiýasy üçin 2020-nji ýyla çenli ýylda 100 million amerikan dollary möçberinde kömek bermek borjuny dowam etdirer.

“Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň owgan halkyny “Talybandan” we beýleki terrorçy toparlardan goramak ukybyny artdyrmagy dowam etdirmek iňňän wajypdyr” diýlip beýannamada bellenýär.

Bu beýannama ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Waşingtonyň Owganystandaky amerikan harbylarynyň sanyny azaltmak planyna gaýtadan seredip, indiki ýylda 8400 harbysyny galdyrýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Awstraliýa Owganystanda öz harby çärelerini 2013-nji ýylda tamamlady. Emma Awstraliýanyň 270 harbysy Kabulda galýar. Olaryň türgenleşikleri geçirmek missiýasynyň 2016-njy ýylyň aýagynda tamamlanmagy planlaşdyrylypdy.

XS
SM
MD
LG