Sepleriň elýeterliligi

Yrak: YD şaýylaryň gonamçylygyna hüjüm etdi


Söweşijileriň Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän şaýylaryň gonamçylygyna eden hüjüminde azyndan 35 adam wepat boldy

Söweşijileriň Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän şaýylaryň gonamçylygyna eden hüjüminde azyndan 35 adam wepat boldy

“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri 7-nji iýulda agşam Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän şaýylaryň gonamçylygyna mina atdylar. Yragyň resmileri üç sany janyndan geçen hüjümçiniň Balad atly ýerde Saýýid Muhammad bin Ali al-Hadi gonamçylygynda märekäniň arasyna baryp özlerini partladandyklaryny habar berdiler.

Partlamada azyndan 35 adam wepat boldy we 40-dan gowrak adam ýaralandy.

Gonamçylyga baran adamlar Remezan aýynyň soňundaky Eid al-Fitr baýramçylygyny belleýärdi.

Mundan birnäçe gün öň Bagdadyň merkezinde içi partlaýjy serişdeli ýük ulagynyň partladylmagy zerarly azyndan 292 adam wepat boldy we 200 çemesi adam ýaralanypdy Gonamçylykda bolan partlama

“Yslam döwleti” topary partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG