Sepleriň elýeterliligi

Dallas: Protest aksiýasynda bäş polisiýa ofiseri wepat boldy


Polisiýa ofiserleriniň oka tutulmagynyň yzýany, Dallas, 7-nji iýul, 2016

Polisiýa ofiserleriniň oka tutulmagynyň yzýany, Dallas, 7-nji iýul, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 8-nji iýulda Warşawada eden çykyşynda Dallasda polisiýa ofiserlerine edilen hüjümleriň “aýylganç, öňünden taýýarlanan we nejis” hereket bolandygyny we “ony hiç bir tarapdan düşündirip bolmajagyny” belledi.

7-nji iýulda Dallasyň bäş polisiýa ofiseri mergen tarapyndan atylyp öldürildi we ençemesi ýaralandy.

ABŞ-nyň resmileriniň aýtmagyna görä, bu ok atyşyk ýakynda polisiýanyň bir garaýagyz adamy atyp öldürmegine garşy protest çykyşlaryň dowamynda ýüze çykypdyr.

Polisiýa öz wekillerini oka tutmakda güman edilýän adamyň tussag astynda saklanýandygyny aýtdy.

Bu ok atyşyk 7-nji iýulda ABŞ-da tutuş ýurt boýunça geçirilen esasan parahatçylykly protestleriň dowamynda ýüze çykdy.

Protestçiler polisiýanyň iki sany garaýagyz raýaty atyp öldürmegine garşylygyny mälim edip ýöriş geçiripdi.

XS
SM
MD
LG