Sepleriň elýeterliligi

Belarus Türkmenistana sürüjisiz uçarlaryny iberip başlady


Belarusda öndürilen sürüjisiz uçar ("Filin")

Belarusda öndürilen sürüjisiz uçar ("Filin")

Belarus Türkmenistana sürüjisiz uçarlaryny iberip başlady. Türkmen mediasyna görä, 25 we 70 kilometr aralyga niýetlenen “Buselow-M” kysymly kiçi apparatlaryň toplumy Türkmenistana ugradylyp, 290 kilometr aralyga niýetlenen “Burewestnik” sürüjisiz apparatlaryň iberilmegi barada hem gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň sürüjisiz uçarlaryň önümçiligini öz giňişliginde ýola goýmagy planlaşdyrýandygy hem habar berildi.

Belarusyň ylymlar akademiýasynda döredilip, öndürilen sürüjisiz uçarlaryň serhetçileriň, ot söndürijileriň, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň we ekologlaryň işini ýeňilleşdimek üçin zerurdygy resmi maglumatda bellendi.

Türkmenistanyň Belarusdan sürüjisiz uçarlary satyn almak üçin geçirýän gepleşikleri barada 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda prezident G.Berdimuhamedowyň Minske saparynyň dowamynda mälim edilipdi.

Belarusdan Türkmenistana sürüjisiz uçarlaryň iberilip başlanmagy Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýynyň dartgynlylygy, serhediň owgan tarapynda “Talybanyň” we “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň aktiwleşmegi barada berilýän habarlara gabat geldi.

XS
SM
MD
LG