Sepleriň elýeterliligi

Prezident Lebapdaky kemçilikleri "ýüze çykardy"


Lebap, Zelili obasy

Lebap, Zelili obasy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goýberilýän serişdeleriň «ýerlerde netijeli hem tygşytly ulanylmaýandygyny» aýdýar.

Bu ýagdaýa prezident ýene bir gezek häkimleri, olaryň orunbasarlaryny işden boşatmak, käýinç bermek bilen çäre gördi.

Emma bu gezek, öň bolşy ýaly,esasan häkimler işden aýrylyp, olaryň orunbasarlary ýerlerine bellenilmän, köpräk orunbasarlar işden boşadyldy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident G.Berdimuhamedow Lebap welaýatynda etrap häkimleriniň 3-sini, etrap we şäher häkimleriniň orunbasarlarynyň 8-sini, «işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýip, işlerinden boşatdy.

Ministrler kabinetiniň Lebapda geçirilen göçme mejlisinde welaýat, etrap we şäher ýolbaşçylarynyň 16-syna käýinç we berk käýinç berildi.

Bu soňky döwürde Türkmenistanyň welaýatlarynda geçirilen göçme mejlisleriň dördünjisi bolup, olarda halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça edilen işleriň jemlerine seredilýändigi aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, 2008-2016-njy ýyllarda Milli oba maksatnamasy boýunça, Lebap welaýatynda 6,5 milliard manada golaý maýa serişdesi özleşdirilipdir, 90 müň 300-den gowrak maşgala täze ýer uçastoklary bölünip berlipdir.

Emma muňa garamazdan, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Ç.Gylyjowyň, baş prokuror A.Hallyýewiň welaýatda geçiren barlaglarynda bir topar kemçilikýüze çykarylypdyr.

Sebäbi açylmaýan kemçilikler

Hususan-da Hallyýew, habarda aýdylmagyna görä, ykdysadyýetiň esasy ugurlaryna we umumy ösüşe ýaramaz täsir ýetirýän dolandyryş kemçilikleri barada hasabat beripdir. Emma bu diýilýän kemçilikleriň jikme-jiklikleri ýa-da ýurduň welaýatlarynda giň ýaýrandygy yzygiderli tassyklanylýan problemalaryň düýp sebäpleri aýdylmaýar.

Muňa derek, işden boşadylan we käýinç berlen resmiler, ozalky mejlislerde bolşy ýaly, sosial pudaga, ýollara, köprülere, elektrik, suw, gaz bilen üpjünçilige, zeýkeşleriň arassalanmagyna, ýer dolanyşygyna, ykdysady ösüşe we beýlekilere talabalaýyk gözegçilik etmezlik ýaly umumy aýyplamalarda aýyplanypdyr.

Şonuň bilen bir wagtda, kemçilikleriň tiz wagtda düzediljekdigine ynandyrmalaryndan başga, işden aýrylan ýa käýinç berlen resmileriň nähili pikir-garaýyşlarynyň bolandygy belli bolmaýar.

Prezident Berdimuhamedow welaýat häkimi Ç.Çarlyýewe, onuň orunbasaryna hem, «işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygy üçin» diýip, käýinç berdi.

Şeýle-de ol, ilatyň bol-elin we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur işleriň geçiriljekdigi, kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem jogapkärçilik çekýändigi barada öňki mejlislerde aýdan sözlerini gaýtalady.

Prezidentiň tassyklamagyna görä, «ýolbaşçylaryň welaýatyň we onuň şäherleriniň hem-de etraplarynyň häkimleri bilen bilelikde, ysnyşykly işlemeýändikleri sebäpli «şu kemçilikler» ýüze çykýar.

Ýöne ol degişli ýolbaşçylaryň bilelikde we ysnyşykly işlemegi, diýmek, welaýatlarda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýaramaz täsir ýetirýän meseleleriň çözülmegi üçin anyk näme pikiriniň bardygyny aýtmady.

Şonuň bilen bir wagtda, Ministrler kabinetiniň indiki göçme mejlisiniň Maryda geçiriljekdigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG