Sepleriň elýeterliligi

NATO Orsýet, YD we Britaniýa meselesini geňeşýär


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker. Warşawa, 8-nji iýul, 2016 ý.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker. Warşawa, 8-nji iýul, 2016 ý.

NATO-nyň sammitine jemlenen günbatar ýurtlarynyň liderleri Bileleşigiň Orsýetiň barha artýan agressiwliginiň, ekstremistik “Yslam döwleti” toparynyň, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak kararynyň, şeýle-de millionlarça adamy Ýewropada gaçybatalga gözlemäge mejbur eden konfliktleriň döreden kynçylyklary bilen iş salyşmaly bolýandyklaryny tekrarladylar.

8-nji iýulda “Financial Times” gazetinde çap bolan maglumatda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň iki günlük sammit “trans-atlantik bileleşigi üçin Sowuk uruş döwründen bäri iň möhüm pursat bolar” diýendigi bellenildi.

Sammitde esasy üns Orsýete gönükdiriler. Günbatar Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan basyp almagyna we 9300-den gowrak adamynyň ölümine sebäp bolan konflikti başdan geçirýän gündogar Ukrainada separatistlere goldamagyny ýazgarýar.

“Orsýetiň Ukraina garşy agressiýasy biziň Ýewropa görşümize, ýagny onuň bütewüligine, azatlygyna we parahatçylygyna howp salýar” diýip, Obama ýazýar.

“Bir syýasy tutumyň daşynda jemlenmek”

Şeýle-de ol “NATO agza ýurtlaryň äginde, ýagny Orlandoda, Parižde, Brýusselde we Stambulda günäsiz adamlaryň ölümine sebäp bolan” “Yslam döwleti” atly toparyň hüjümlerine, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmek kararyna, migrantlaryň Ýewropa gaçybatalga gözlemäge gelmegine sebäp bolan Afrikadaky, Siriýadaky we Owganystandaky konfliktlere ünsi çekdi.

“Men bu gyssagly meseläni çözmek üçin biziň ýurtlarymyzyň bir syýasy tutumyň daşynda jemlenmelidigine ynanýaryn” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri we ýakynda premýer-ministr Dawid Kameron bilen duşuşmagyna garaşylýan prezident Obama ýazdy.

Obama “Birleşen Ştatlar bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanyp galjakdygyny” aýdyp, Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň “täze gatnaşyklara geçiş döwrüni düzgüne salmak boýunça ylalaşjakdyklaryna” ynanýandygyny beýan etdi.

Dört sany batalýon dörediler

Orsýetiň Ukraina goşulyşmagy NATO agza ýurtlaryň arasynda, esasan-da sammite başlyklyk edýän Polşada, Baltika ýurtlary Estoniýada, Latwiýada we Litwada aladalanmalary artdyrdy. Bu ýurtlar Sowet Soýuzy dargap, kommunistik häkimiýetden aýrylýança Moskwanyň garamagyndady.

“Biz Warşawada NATO agza ýurtlaryň her birini goramak üçin Demirgazyk Atlantik şertnamasynyň 5-nji bölümine laýyklykda öz borjumyzy, gaýduwsyzlygymyzy tassyklamaly. Biz Merkezi we Gündogar Ýewropadaky ýaranlarymyzyň goraglylygyny güýçlendirmeli” diýip, Obamanyň “Financial Times” gazetinde çap bolan maglumatynda bellenilýär.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg sammitiň öňüsyrasynda ekspertleriň forumynda çykyş edip, ýaranlyga agza ýurtlar Warşawada köpmilletli dört batalýony ýerleşdirmek barada ylalaşjakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu batalýonlaryň Kanadanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky 1000 agzaly harbylardan ybarat boljakdygyny nygtady. Bu batalýonlar Polşada we Baltika ýurtlarynyň üçüsinde ýerleşdiriler.

“NATO biziň kollektiwleýin goranyşymyzy we çydamlylygymyzy has-da güýçlendirmek üçin kararlary kabul ederr” diýip, Stoltenberg belleýär.

Şol bir wagtyň özünde ol NATO-nyň Orsýet bilen “konstruktiw dialogy tapmaga çalyşjakdygyny” beýan edip, “NATO gapma-garşylyk islemeýär. Sowuk uruş taryhda galdy we galmalydyr” diýdi.

XS
SM
MD
LG