Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Ýewropadan Dallasa dolanýar


Obama Dallas hüjümleri barada çykyş etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Obama Dallas hüjümleri barada çykyş etdi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ýewropa amal edýän saparyny ýatyryp, ýurduň Teksas ştatynyň Dallas şäherine dolanar. Dallasda “akýagyz adamlary öldürmegi” niýet edindendigini aýdan bir söweşiji bäş polisiýa ofiserini atyp öldüripdi.

Obama NATO-nyň Warşawadaky sammitinden soňra, 9-njy iýulda Ispaniýa sapar eder. Emma, Ak Tam Obamanyň öňümizdäki hepde Dallasa dolanyp bilmegi üçin, planlaşdyrylan çäreleriň ençemesiniň ýatyryljakdygyny mälim etdi.

Mundan owal, Obama ABŞ-nyň armiýasynyň rezerwisty Miheý Jonsonyň (Micah Johnson) polisiýa işgärlerini atmagyny “aýylgançlyk” diýip, atlandyrdy. Jonson ozal Owganystanda hem harby gulluk geçipdi.

Dallasda bäş polisiýa ofiseri öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

Polisiýa tarapyndan öldürilmezinden ozal, Jonsonyň öýünde geçirilen barlaglarynyň netijesinde ýaraglar, ok-däriler we partladyjylary ýasamak üçin serişdeler tapyldy.

Polisiýa bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, Jonson polisiýa işgärleriniň garaýagyz adamlary atmagy sebäpli gazaba münendigini, şol sebäpli hem ak adamlary nyşana alandygyny aýtdy. Şeýle-de ol özüniň ýeke hereket edendigini mälim etdi. Gepleşik synanyşyklaryndan soň, polisiýa Jonsony partladyjy serişdeleri bilen öldürdi.

8-nji iýulda ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri Jonsonyň dogurdan hem ýeke özüniň hereket eden bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Şol bir wagtda, 8-nji iýulda Tennessee magistral ýolunyň ugrunda bir ýaragly adam hiç kimi saýgarmazdan ot açyp başlady. Polisiýanyň afro-amerikanlara garşy gazaply çäreleri sebäpli gaharlanandygyny aýdan bu adam, bir aýaly öldürdi, başga-da üç adamy ýaralady.

8-nji iýulda Missouride we Jorjiýada hem polisiýa ofiserlerine hüjüm edildi.
Jonson daşary ýurtdaky söweşiji toparlardan ruhlanmasa-da, ol özüniň Facebook hasabynda ABŞ-nyň öz içindäki garaýagyzlaryň käbir ýaragly, şol sanda “Gara babyrlar”, “Yslam milleti” ýaly toparlaryna duýgudaşlyk bildiripdir.

“Şübheli ak adamlara gaharynyň gelendigini aýtdy. Şübheli ak adamlary, esasan hem ak polisiýa ofiserlerini öldürmegi niýet edendidigini aýtdy” diýip, Dallasyň polisiýa başlygy Dawid Brown aýtdy.

Dallas hüjümlerinden soň geçirilen ýörişler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Jonsonyň hüjümi ABŞ-da onsuz hem dartgynly bolmagyna galýan: jyns, ýarag we polisiýanyň zulumy ýaly meseleleri has-da tutaşdyrdy.
Şu hepdäniň başynda Minnesotada we Louisianada polisiýanyň akýagyz işgärleri garşylyk görkezen garaýagyz adamlary atyp öldüripdiler. Munuň netijesinde, ýurduň Dallas şäherinden başga sebitlerinde parahatçylykly protestler geçirilipdi.

Jonsonyň hüjüminiň netijesinde polisiýanyň başga-da ýedi ofiseri we parahat ilatdan iki adam ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG