Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran raketa synaglaryny dowam etdirjek diýýär


BMG-niň baş sekretary Tährany raketa synaglaryny togtatmaga çagyrdy.

BMG-niň baş sekretary Tährany raketa synaglaryny togtatmaga çagyrdy.

Eýran, BMG-niň baş sekretarynyň eden tankydy çykyşyna hem garamazdan, özüniň ballistik raketa programmasyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Eýran özüniň goranyş we milli howpsuzlyk hasaplaryndan ugur alyp, raketa programmasyny ýokary depginler bilen dowam eder” diýip, 9-njy iýulda Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Bahram Ghaseminiň sözleri getirildi.

Ghasemi Eýranyň raketa programmasynyň dünýäniň iri alty döwleti bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy

Mundan öň, BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Tährany raketa synaglaryny togtatmaga çagyrdy. Ban munuň netijesinde Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň has-da dartgynlaşyp biljekdigini duýdurdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ we onuň ýaranlary Eýranyň raketa synaglaryny BMG-niň sanskiýalaryna garşy çykýandygyny öňe sürdiler. Emma, Russiýa bilen Hytaý Tähranyň munuň üçin jezalandyrylmagy baradaky synanyşyklaryň öňüni aldylar.

XS
SM
MD
LG