Sepleriň elýeterliligi

NATO Owganystany, Ukrainany maslahatlaşýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko NATO-nyň Warşawadaky sammitinde.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko NATO-nyň Warşawadaky sammitinde.

NATO-nyň Warşawada geçýän sammitiniň ikinji gününde esasy üns Owganystana we Ukraina gönükdirildi. Mundan öň, ýaranlyk özüniň barha dyzmaçlyk görkezýän Russiýa bilen serhediniň golaýyndaky agza ýurtlarynda has köp harby güýçleri ýerleşdirmek baradaky plany ylalaşdy.

28 ýurdan ybarat Günbatar ýaranlygynyň Owganystandaky Goldaw missiýasy 2016-njy ýyldan hem soň dowam eder. Bu barada ýaranlygyň baş sekretary Ýen Stoltenberg mälim etdi. Bu missiýanyň çäginde, 2014-nji ýylyň aýagynda halkara güýçleriniň agramly böleginiň çykarylmagy bilen, owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim we maslahat berilýär. Häzir Goldaw missiýasyna 39 döwletden 12 müňe golaý esger gatnaşýar.

NATO 2020-njy ýyla çenli owgan güýçlerini her ýyl 4 milliarda golaý dollar bilen üpjün etmek çärelerini hem dowam etdirmekçi bolýar.

“Biz owganlylaryň öz ýurduny gorap bilmegi, şeýle-de bu ýeriniň halkara terrorizmiň mesgenine öwrülmezligi üçin owgan güýçlerine hemaýat bermäge borçludyrys” diýip, Stoltenberg aýtdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler Owganystana 2001-nji ýylyň 9-njy sentýabr hüjümlerinden soň girip, “Talybany” ýurduň häkimiýetinden aýyrdy. Emma, jeňçiler dolulygyna ýok edilmedi. Häzirki döwürde jeňçileriň, 2001-nji ýyldan häzirki güne çenli ýagdaýlar bilen deňeşdirilende, Owganystanyň has köp territoriýasyna gözegçilik edýändigi aýdylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 6-njy iýulda çykyş edip, özüniň prezidentlik möhleti tamamlanýança, ýagny 2017-nji ýylyň ýanwaryna çenli Owganystanda ABŞ-nyň 8 müň 400 esgeriniň saklanyp galjakdygyny aýtdy.

Owganystanyň baş dolandyryjy resmisi Abdylla Abdylla, NATO sammitiniň çäginde, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Talyban" jeňçileri harbylary ýeňerin diýip, öýtdüler. Emma, owgan güýçlerin we halkara jemgyýetçiliginiň hemaýaty sebäpli bu başa barmady" diýip, belledi.

Sammitiň soňky gününiň ikinji ýarymynda NATO-Ukraina kommissiýasynyň diňlenişigi geçiriler. Onda ýaranlygyň liderleri ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşarlar.

NATO-nyň özüniň gündogar serhetlerini berkitmek baradaky planlary, esasan, Russiýanyň 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyny basyp almagy we aprel aýyndan bäri Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy bilen häsiýetlendirildi. Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde häzire çenli 9 müň 300 töweregi adam heläk boldy.

Fransiýanyň we Germaniýanyň başda durmagynda kabul edilen, ok atyşyklary bes etmek bardaky “Minsk” ylalaşygy ençeme gezek bozulypdy. Şeýle-de separatistler Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitleriniň regionlaryny öz gözegçiliginde saklaýarlar.

8-nji iýulda, sammitiň ilkinji gününde NATO liderleri Polşada, şeýle-de Baltik ýurtlary: Estoniýada, Latwiýada we Litwada hereket etjek 1,000 esgerden ybarat batalýonyň esaslandyrylmagyny resmi taýdan tassykladylar.

“Russiýanyň Ukraina babatyndaky agressiýasy Ýewropanyň bütewi, azat we parahatçylyk sebit baradaky garaýyşlarymyza wehim salýar” diýip, Barak Obamanyň “Financial Times” çap bolan kommentariýasynda bellenýär.

Russiýanyň Ukraina girmegi ozal Moskwanyň gözegçiliginde bolan Polşada we üç baltik döwletlerinde aladalanmalary döretdi.

Günbatar döwletleriniň aýtmagyna görä, harby güýç bilen birlikde Russiýa Ýewropanyň bütewiligini sarsdyrmak üçin kiber-hüjümleri, propogandany ulanýar.

Russiýa NATO-nyň esgerleri ýerleşdirmek planlaryny tankytlady.

Stoltenberg “NATO-nyň Russiýa bilen dawalaşmak islemeýändigini, şeýle-de konstruktiw dialogyň ýollaryny gözlemäge dowam etjekdigini” aýtdy. Ol Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli, ýaranlyk özüniň harby kuwwadyny artdyryp başlandygyny hem sözüne goşdy.

Stoltenberg 9-njy iýulda geçirilen metbugat-ýygnagynyň dowamynda çykyş edip, ýaranlygyň Russiýa meselesinde "berk goranyş we konstruktiw dialog" syýasatyny ýöredýändigini aýtdy.

NATO-nyň Russiýa howp hökmünde garap-garamaýandygy barada soralanda, ýaranlygyň baş sekretary "NATO agza ýurtlarynyň hiç biriniň üstüne wehimiň abanmaýandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG