Sepleriň elýeterliligi

Sekiz aýdan soň rus çarter uçary Türkiýä gondy


Antalýadaky bir myhmanhana

Antalýadaky bir myhmanhana

Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dörän krizisden soň, rus turistleriniň ilkinji uçary Antalýa kurort şäherine gondy.

Rus prezidenti Wladimir Putin Türkiýä garşy girizilen syýahat gadagançylygyny geçen aý ýatyrypdy.

Mundan owal, noýabrda Türkiýäniň Siriýa serhediniň golaýynda rus harby uçaryny urup düşürmegine jogap edip, Moskwa Türkiýä garşy syýahatçylyk gadagançylygyny girizipdi.

30-njy iýunda Putin rus uçarlarynyň Türkiýä ýaňadandan gatnap biljekdigi barada görkezme berdi. Mundan öň, Moskwa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ötünç sorap Putine hat ugradandygyny hem habar beripdi.

XS
SM
MD
LG