Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri möhüm howa bazasyny eýelediler


Yragyň premýer-ministri Mosulyň ýaşaýjylaryna ýüzlenip “bu ýerleriň azat edilmegine garaşyberiň” diýdi.
Yragyň premýer-ministri Mosulyň ýaşaýjylaryna ýüzlenip “bu ýerleriň azat edilmegine garaşyberiň” diýdi.

Yragyň güýçleri “Yslam döwleti” toparynyň elinden möhüm howa bazasyny yzyna almagy başardylar. Yrak hökümeti munuň Mosul şäherini gaýdyp almak boýunça göz öňünde tutulýan harby operasiýanyň çägindäki möhüm bir ädimiň bolandygyny aýtdy.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi özüniň websaýtynda çap eden beýanatynda demirgazykdaky Kaýara şäherindäki howa bazasynyň yzyna alynmagy bilen “Mosuly azat etmek üçin düýpli esasyň goýulandygyny” aýtdy.

Al-Abadi Mosulyň ýaşaýjylaryna ýüzlenip “bu ýerleriň azat edilmegine garaşyberiň” diýdi.

Yragyň ikinji uly şäheri bolan Mosul 2014-nji ýylyň tomsundan bäri “Yslam döwleti” toparynyň elinde bolmagyna galýar.

Mart aýynda yrak güýçleri Mosulyň günorta we günorta-gündogar sebitlerinden jeňçileri çykarmak boýunça ýörite harby operasiýa başladylar.

Bagdad Mosuly azat etmek boýunça operasiýanyň haçan başlajakdygy barada entek takyk maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG