Sepleriň elýeterliligi

Kaşmirde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleri çaknyşdylar


22 ýaşly Waniniň öldi habaryndan soň, Kaşmiriň ençeme sebitlerinde gazaply çaknyşyklar ýüze çykdy.

22 ýaşly Waniniň öldi habaryndan soň, Kaşmiriň ençeme sebitlerinde gazaply çaknyşyklar ýüze çykdy.

Kaşmirde Pakistan bilen ysnyşykly bir jeňçi toparynyň kommandiriniň öldürilmeginiň ýasyny tutýan protestçiler Hindistanyň howpsuzlyk güýleri bilen çaknyşdylar.

Resmiler kommendant sagadyna boýun bolmakdan ýüz öwüren protestçiler bilen dörän wakada azyndan 11 adamynyň ölendigini, başga-da onlaçasynyň ýarlanandygyny mälim etdiler.

Hindi resmileri “Hizbul Mujahideen” jeňçi toparynyň lideri Burhan Muzaffar Waniniň öldürilmegini yglan edenden soň, sebitdäki protestleri köşeşdirmek üçin kommendant sagady girizilipdi.

22 ýaşly Waniniň ölüm habaryndan soň, Kaşmiriň ençeme sebitlerinde gazaply çaknyşyklar ýüze çykdy. Hadysada hökümet binalaryna hem zeper ýetdi.

Maglumata görä, protestçiler harbylary daşlap başlanlaryndan soň, hindi güýçleri olary oka tutupdyrlar.

Kaşmir Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly sebit bolup, iki ýurt hem onuň eýeçiligine talap bildirýär.

XS
SM
MD
LG