Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň baş diplomaty Ysraýyla sapar edýär


Müsüriň daşary işler ministri Sameh Şoukry

Müsüriň daşary işler ministri Sameh Şoukry

Müsüriň daşary işler ministri Sameh Şoukry Ysraýyl-Palestin ýaraşyk prossesini maslahat etmek üçin Ysraýyla sapar edýär.

Ýeri gelende bellesek, Müsüriň daşary işler ministri soňky gezek Ysraýyla mundan dokuz ýyl ozal sapar edipdi.

Şoukrynyň bu sapary Fransiýanyň başda durmagynda Ysraýyly we Palestinany gepleşiklere başlatmak ugrunda edilýän tagallalara gabat geldi.

Mundan owal, ýagny 29-njy iýunda Şoukry palestin resmileri bilen hem Ramallahda gepleşikleri geçiripdi.

Müsür parahatçylygy ornaşdyrmak üçin, 1967-nji ýyldaky serhet araçäklerine görä garaşsyz Palestina döwletiniň esaslandyrylmalydygyny aýdýar.

Emma, Palestinany we Ysraýyly gepleşiklere çekmek boýunça edilen owalky synanyşyklar hiç hili netije bermändi.

Ysraýyl diňe Palestina bilen geçiriljek gönümel gepleşikleriň onlarça ýyl bäri dowam edýän konflikti soňlap biljekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG