Sepleriň elýeterliligi

Moskwa ABŞ-nyň iki diplomatyny ýurtdan çykardy


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy

Russiýanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Moskwadaky iki diplomatyny ýurtdan çykarandygyny mälim etdi. Ministrlik munuň Waşingtonyň şuňa meňzeş “betniýetli” ädimine jogap bolandygyny aýtdy. Bu iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.

ABŞ-nyň we Russiýanyň birek-bireginiň diplomatlaryny ýurtdan çykarmak tejribesi “sowuk urşy” döwri giňden ýaýrapdy. Emma, soňky döwüre çenli beýle hadysalar juda seýrek ýüze çykýardy.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ýurtdan çykarylan amerikanlylaryň biriniň ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde garawul bilen ýüze çykan hadysa dahylly bolandygyny aýdyp, ony “huligan” diýip, atlandyrdy.

Rýabkowyň beýanatynda ýurdan çykarylan beýleki diplomatyň hem “MAG-yň (Merkezi Aňtaw Gullugynyň – red.) operatiwnigi bolandygy” aýdylýar.

Bu beýanatdan bir gün öň, Waşington, 6-njy iýulda Moskwada bolan gazaply ýakalaşygyň yzy bilen, ABŞ-dan iki rus resmisiniň çykarylandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG