Sepleriň elýeterliligi

Obama Ispaniýa bardy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ispaniýa sapara bardy. Ol munuň bilen, ABŞ-da adamyň jynsyna esaslanýan atyşykdan soňra dörän krizis sebäpli, özüniň Ýewropa saparyny tamamlar.

Obama 10-njy iýulda Madridde ispan patyşasy Felipe VI we premýer-ministri Mariano Rahoý (Mariano Rajoy) bilen duşuşar.
Şeýle-de ol Ispaniýanyň günortasyndaky Rota harby-deňiz bazasyna hem baryp görer.

Bu portda Ýewropanyň raketa hüjüminden goranyş ulgamynyň möhüm bölümi bolan ABŞ-nyň dört sany Aegis esminetsi, ýagny eskadron minagöterjileri ýerleşýär.

Bu ulgamyň gözegçiligini NATO geçirmek baradaky mesele ýaranlygyň Warşawada geçen sammitiniň dowamyndaky esasy meseleleriň biri boldy.
Russiýa raketa goranyş ulgamynyň Ýewropadaky güýç deňagramlylygyny bozýandygyny aýtdy. Emma, Günbatar munuň Ýakyn Gündogardan we beýleki sebitlerden gelip biljek howplaryň öňüni almaga gönükdirilendigini aýdýar.

Ispaniýa 9-njy iýulda baran Obama, ABŞ-nyň Dallas şäherinde bir mergeniň bäş polisiýa ofiserini atyp öldürendigi sebäpli, özüniň saparyny bir güne çenli gysgaltmaly boldy.

Resmiler 7-nji iýulda polisiýany oka tutan söweşijini 25 ýaşyndaky Miheý Jonson (Micah Johnson) diýip, tanatdylar. Jonson ABŞ-nyň armiýasynyň rezerwisty bolupdyr.

Onuň atyp öldüren polisiýa işgärleri protestlere gözegçilik edýärdiler. Bu protestler ABŞ-nyň Minnesota we Louisiana ştatlarynda polisiýa işgärleriniň iki garaýagyz adamy atyp öldürmeginiň netijesinde döredi.

Obama 9-njy iýulda NATO-nyň Warşawadaky sammitinde çykyş edip, amerikanlylary gazaplylyga garşy bile durmaga çagyrdy. Ol “käbir adamlaryň hereketleri biziň ählimizi häsiýetlendirmeli däldir” diýip, belledi.

Ol ýurduň bölündendigi baradaky habarlaryň gaty çişirilendigini aýtdy.

“Ilki bilen, bu hepde nähili agyr hem bolsa, men käbirleriň aýdyşy ýaly, Amerikanyň bölünendigine ynanmaýaryn” diýip, ABŞ-nyň prezidenti sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG