Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: NATO ‘ýok rus howpuna’ garşy durýar


Moskwa

Moskwa

Russiýanyň Daşary işler ministrligi NATO-nyň sammiti ýaranlygyň aslyýetinde ýok rus howpuna garşy durmak ugrunda tagalla edýändigini görkezdi diýip, beýanat bilen çykyş etdi.

Ministrligiň sözçüsi Mariýa Zaharowa 13-nji iýulda NATO-Russsiýa diňlenşiginiň dowamynda Moskwanyň ýaranlygyň geljeki planlary barada düşündiriş sorajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Russiýanyň Daşary işler ministrligi NATO-dan Finlýandiýanyň Baltik döwletleriniň howa goranyşyny gowulandyrmak baradaky planlary boýunça hem düşündirişiň talap ediljekdigini mälim etdi.

Mundan öň, NATO rus harbylarynyň howadaky we deňizdäki tagallalaryny artdyrandygy sebäpli, Finlýandiýa we Şwesiýa bilen goranmak hyzmatdaşlygyny, şol sanda has köp bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirmegi we maglumatlar bilen paýlaşmagy artdyryp biljekdigini duýdurypdy.

NATO-nyň Warşawadaky geçen sammitiniň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde Polşada we Baltik döwletleri: Estoniýada, Latwiýada we Litwada hereket etjek müň esgerlik harby batalýony esaslandyrmak meselesine hem garaldy.

Bu batalýona ABŞ, Kanada, Britaniýa we Germaniýa ýolbaşçylyk ederler.

NATO resmileri bu çäreleriň Russiýanyň uruşparaz syýasatyna jogap hökmünde görülýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG