Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudy partlamalary we bin Ladeniň täsirliligi


Saud Arabystanynda partlamanyň bolan ýeri.
Saud Arabystanynda partlamanyň bolan ýeri.

Osama bin Laden ölen hem bolsa, 4-nji iýulda Saud Arabystanynda bolan partlamalar global derejede jihadistik zorluklaryň güýçlenip gelýändigini aýan etmek bilen birlikde ýene bir zady görkezdi. Ol hem bin Ladeniň başyny başlan oýun düzgünleriniň, girizilen düýpli üýtgetmelere garamazdan, öz täsirliligini şindi-de dolulygyna saklap galandygy.

4-nji iýulda bolan we utgaşyklydygy mese-mälim zarbalarda janyndan geçen üç hüjümçi Jeddäni, Katifi, şeýle hem yslamyň ikinji mukaddes şäheri we Muhammet pygamberiň jaýlanan ýeri bolan Medinäni nyşana aldy.

Jeddede bir pakistanly emigrant Birleşen Ştatlaryň konsulhanasyny nyşana alyp, iki sany howpsuzlyk işgärini ýaralady. Katifde hem nyşana alnan şaýy metjidi boldy. Medinede-de Pygamberiň metjidiniň (المسجد النبوي) golýayndaky howpsuzlyk edarasyna hüjüm edilip, dört garawul öldi.

Hüjümleriň hakyky häsiýetine düşünjek bolsaň, olaryň amala aşyrylan wagtyna we nyşana alnan ýerlere seretmeli. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan hiç bir topar ýok, ýöne munuň özüni "Yslam döwleti" diýip atlandyrylýan terrorçy toparyň işidigini görkezýän alamatlar az däl.

“Kapyrlaryň we duşmanlaryň ganynyň dökümeli wagty”

Hüjümler musulmanlaryň mukaddes oraza aýynyň aýagyna gabatlaşdyrylyp amala aşyryldy. Bu bolsa, Orta Gündogar barada ylmy barlag işlerini alyp barýan Nikolas Herasyň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" atly toparyň oraza kampaniýasyna laýyk gelýär. Bu topar "oraza aýyny kapyrlaryň we duşmanlaryň ganynyň dökümeli wagty diýip yglan etdi".

Has möhümi nyşana alynmaly ýerleriň saýlanyp tutulyşy. Bin Ladeniň mirasynyň has aýan bolýan ýeri hem edil şu. Saud Arabystanynyň raýaty bolan bin Laden saud maşgalasynyň Yslamyň iki iň mukaddes şäherleri bolan Mekge bilen Medinäniň (Mekge Muhammet pygamberiň doglan ýeri, Medine hem onuň jaýlanan ýeri) goragçylarydygynyň kanunydygyny hemişe inkär edip geldi.

"Yslam döwleti" atly toparyň hem esasy maksady mümkin boldugyça, tutuş dünýäde yslam halyfatyny gurmak. Iň möhümi hem yslamyň iň mukaddes topragyna eýe bolmak. Herasyň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" Saudy döwletine "biz indi seni almaga gelýäris" diýip, duýduryş berýär.

Saudy patyşalygy iki esasy direge daýanýar. Bularyň biri onuň Yslamyň iki iň mukaddes mekanynyň goragçysydygyndan gelip çykýan kanunylyk. Ýöne bu kanunylyk jedelli. Al-Saud taýpasy soňra Saud Arabystany diýlip atlandyrylan territoriýany 1932-nji ýylda zor bilen basyp aldy.

Yslamyň berk wahabyçylyk ugruny “ösdürmek”

Onuň hakyky dini ygtybary ýok. Ol şondan bäri öz ruhanylaryna Yslamyň berk wahabyçylyk ugruny ösdürmegine ýol bermek bilen aýak üstünde galdy. Patyşanyň maşgalasyna ruhanylardan gerekli goldaw berildi. Patyşalygyň täsiriniň tutuş dünýäde musulmanlaryň arasynda ýaýramagyna sebäp bolan şu goldaw bilen onuň Mekge we Medinäniň "goragçysydygy". Saud maşgalasyna "sünnileriň arslany" diýilmegi ýöne ýere däl.

Medinä edilen hüjüm hem edil şundan gelip çykýar. Has dogrusy, "Yslam döwleti" üçin bu bir töwekgelçilikli iş. Muhammet pygamberiň guburyna hüjüm edilmeginiň yslam dünýäsini gahar-gazaba mündürmek ähtimallygy ozaldan bar. Saud Arabystanynyň ýokary dini organy hüjümleri biragyzdan ýazgardy.

Ýöne bu işi edenler gaty seresaply hereket edipdirler. Olar Medinäniň metjidiniň özüni däl-de, onuň golaýyndaky howpsuzlyk edarasyny nyşana alypdyrlar. Hüjüme saudy patyşalarynyň iki mukaddes mekanynyň "goragçysydygyny" sorag astyna almak üçin edilen iş diýip düşünmek mümkin. Beýle bolsa, onda hüjümde pygamber däl-de, saudy döwletiniň howpsuzlyk gulluklary nyşana alnypdyr.

Saudy maşgalasynyň ikinji diregi onuň Birleşen Ştatlardan alýan goldawy. Bu hem patyşalygy maliýe taýdan güýçlendirýän nebitden gelýän girdeji bilen baglanyşykly. "Yslam döwletiniň" Jeddede Birleşen Ştatlaryň konsullygyna eden hüjümi aslynda ideologik taýdan günbatarly duşmanlara gönükdirilýär, özi-de 4-nji iýul Amerikanyň Garaşsyzlyk güni.

Şaýy metjidine edilen hüjüm

Ýöne regionda has howply netijeleri bolup biljek zat Katifiň şaýy metjidine edilen hüjüm. Häzirki wagtda Orta Gündogarda sünniler bilen şaýylaryň arasynda Yrakda, Siriýada we Ýemende barýan çaknyşyklar genosid derejesine ýetip barýar. Sünni "Yslam döwleti" şaýylary dinden çykan hasaplaýar, olar günbatarly kapyrlardan hem beter.

Bu hüjümde iki zat göz öňünde tutulýar. Birinjisi, Nikolas Herasyň aýdyşy ýaly, "Yslam döwleti" Saudy Arabystanyndaky şaýylara kapyr diýip, olara Yslamyň mukaddes ýurdundan çykmagy duýdurýar. Ikinjisi hem Saudy Arabystanynda ýanalýan şaýy azlygy bilen hökümetiň arasyna öňküden hem beter agzalalyk salmak. Bu hem ýurdy durnuksyzlaşdyrmak üçin ýene bir ýol.

Saud Arabystanyndan daşarda Yrakda we Siriýada "Yslam döwletine" garşy söweşýän şaýy ýarym harby toparlar - olaryň aglabasyny Eýran goldaýar - metjide edilen hüjümi halamaz. Şol sebäpden bu ýurtlardaky sünni ilatdan rehimsizlik bilen ar alynmagy mümkin.

Bular ýaly zulum-süteme uçran we başga ýerlerden goldawy ýok sünnileriň hem "Yslam döwletiniň" hataryna goşulýandygyny taryh bize görkeze-görkeze gelýär.

XS
SM
MD
LG