Sepleriň elýeterliligi

Moskwa NATO-ny ‘bar bolmadyk’ howpa üns bermekde tankytlaýar


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.

Warşawada geçirilen sammitde Orsýet NATO-ny öz ünsüni Orsýet tarapyndan “bar bolmadyk” howpa gönükdirmekde tankyt etdi.

Iki gün dowam eden konferensiýanyň dowamynda NATO liderleri Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegine we Ukrainadaky ýaragly separatistleri goldamagyna gaýtawul edip, Gündogar Ýewropada täze uly göwrümli goşuny ýerleşdirmek barada ylalaşdylar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa 13-nji iýulda geçiriljek NATO-Orsýet Geňeşinde Moskwanyň ýaranlykdan öz planlary dogrusynda düşündiriş bermegi sorajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Orsýetiň daşary işler ministrliginiň beýanatynda Moskwanyň NATO-dan Baltik deňziniň ýokarsyndaky howa giňişliginde goranyşy gowulandyrmak baradaky Finlandiýa planlary dogrusynda hem düşündiriş bermegi sorajakdygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG