Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Sowet döwrüne degişli ýadygärlik gonamçylyga geçirildi


Türkmenistanyň Mary şäheriniň Lenin seýilgähinden gonamçylyga geçirilen nämälim esgeriň ýadygärligi. “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşirinden alnan surat.
Türkmenistanyň Mary şäheriniň Lenin seýilgähinden gonamçylyga geçirilen nämälim esgeriň ýadygärligi. “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşirinden alnan surat.

Türkmenistanyň Mary şäheriniň Lenin seýilgähindäki nämälim esgeriň ýadygärligi welaýatyň gonamçylyklarynyň birine geçirildi diýip, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiri habar berýär.

Agzalýan neşiriň Mary şäherindäki okyjylarynyň birinden gelip gowşan maglumata görä, sowet döwründe faşist basybalyjylaryna garşy gazanylan ýeňşiň hatyrasyna dikilendigi aýdylýan bu ýadygärlik häzirki wagt şäherdäki rus gonamçylygyna geçirilipdir.

“Mundan ozal bu ýadygärlik şäheriň iň merkezinde ýerleşýärdi. Häzir bolsa ol gonamçylykda dur... Häkimiýetler nämälim esgeriň heýkelini sessiz-üýnsüz gonamçylyga geçiripdirler. Türkmenistan nämeden utanýar? Öz taryhyndanmy? Faşist basybalyjylaryna garşy gazanylan umumy ýeňişdenmi?” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiri öz okyjysyndan gelip gowşan maglumata salgylanýar.

Sowet döwrüne degişli bu ýadygärligiň türkmen häkimiýetleri tarapyndan şäheriň merkezindäki seýilgähden gonamçylyga geçirilmegi dogrusynda henize çenli Orsýet hiç bir reaksiýa bilen çykyş etmedi.

Moskwa öňki sowet ýurtlarynyň käbirlerinde sowet döwrüne degişli ýadygärlikleriň şäheriň merkezinden sökülip, çetine göçürilmegine wagtal-wagtal öz nägileligini bildirýär.

XS
SM
MD
LG