Sepleriň elýeterliligi

Lebapda saklanan motosikletler 'boşadylmaýar'


Eýelerinden alnan motorlar

Eýelerinden alnan motorlar

Prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna 7-nji iýulda başlanan saparynyň bir hepde öňünden polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan ençeme etrapda motosikl sürüjileri gabamak çäreleri geçirildi.

Bu çäreler esasan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine ýakyn etraplar bolan Garaşsyzlyk, Serdarabat, Sakar ýaly etraplar bilen bir hatarda, prezidentiň aýlanan etraplarynyň we goňşy etraplaryň ählisinde geçirilipdir. Şundan çen tutulsa, muňa welaýat möçberindäki çäre diýseň-de bolýar.

Saklanan motosiklleriň eýleriniň sözlerine görä, ýol gözegçilik gullugunyň işgärleri olary ýoluň ortasynda saklap, ýagdaýy düşündirilmezden, motorlaryny ellerinden alypdyr. Öz nägileligini görkezen sürüjilere goşmaça, ýagny boýun bolmazlyk aýyplamasy esasyndajerime salnan halatlarynyň hem bolandygy aýdylýar.

Prezident gaýtdy, emma motorlar 'boşadylmaýar'

Şonuň bilen bir wagtda, prezidentiň Lebap welaýatyna bolan saparynyň tamamlanandygyna garamazdan, gabalan motosiklleriň köpüsiniň entägem yzyna gaýtarylmandygy aýdylýar.

Bize berlen maglumata görä, şu gezek saklanan motosiklleriň arasynda iki tekerliler bilen bir hatarda, aglaba ýagdaýda üç tekerli, yzy sandykly, Hytaýda öndürilen motosiklleriň köp bolupdyr.

Lebap, polisiýa tarapyndan saklanan motorlar

Lebap, polisiýa tarapyndan saklanan motorlar

Gepiň gerdişine aýdylsa,bu hili üç tekerli motosikller türkmen daýhanlarynyň köneden ulanyp gelýän eşek arabalarynyň ýerini tutýar. Daýhanlar ol ulaglary hususan-da 300 kg çenli ýük göterýändigi üçin gowy görýärler.

Şol sebäpden hem şu günler Lebap welaýatynyň motosikl sürüjileri aladaly günleri başdan geçirilýärler. Häzirki wagtda welaýatyň ençeme etraplarynda ýerli polisiýanyň ýol gözegçilik edaralarynyň gapysyndaöz ulaglaryny yzyna gaýtaryp almak üçin irikgä bolup duran sürüjileri görmek mümkin. Bu nobat hususan-da Halaç etrabynda uly.

Daýhanlar öz ulaglaryny tizräk gaýtaryp almaga gyssanmaklarynyň sebäbini melleklerinde ýetişen hasylyň zaýa bolup barýandygy bilen düşündirýärler.

“Meniň mellegimdäki pomidor hasylym wagtynda ýygylmanýatyr. Ony gidip getirmek üçin ulag edindim. Emma indi bir hepdeden bäri gabawda ýatan motorym sebäpli, hasylymy gidip getirip bilemok. Maşyn tutup gitmek bolsa gymmat düşýär” diýip, özüni Aşyr diýip tanadan halaçly, 45 ýaşlaryndaky daýhan aýdýar.

"Ertir gel-ertir gel" bökdençligi

Mellek arasynda miwe daşamakdan başga, Hytaýda öndürilen motorlar käbir maşgalalar üçin gazanç çeşmesi bolup hem hyzmat edýär.Onuň bilen oba ýa bolmasa şäher içinde, il içinden toplanan hasyly aýlap satmak, ýa-da potrat arasynda ýük gatnatmak hyzmatlaryny hem hödürleýän ekenler.

Şu we beýleki ýagdaýlar sebäpli, ulaglaryň saklanmagy we wagtynda yzyna berilmezligi onlarça maşgalanyň bir hepde gowrak bäri gazanç çeşmesiniň kesilmegine getirdi diýip, biz bilen söhbetdeş bolan lebaplylar aýtdy.

Adynyň efirde aýdylmazlygyny soran halaçly daýhan Azatlyk radiosynyň “Polisiýa bölüminde size näme jogap berdiler, olaryň prezident gelip-gideninden soň hem motorlaryňyzy bermezliginiň sebäbi näme?” diýen soragyna, “bize belli bir zat aýtmaýarlar, ‘ertir gel-ertir gel’ bilen yza çekip otyrlar” diýip jogap berdi.

Ýerli daýhanlar motosiklet hyzmatlarynyň ilata awtomobil hyzmatlaryna garanda has arzan düşýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, häzirki wagtda etrap içinde ýük daşamagyň nyrhy, uzaklygyna görä, ortaça 20 – 30 manatdan diýlip hasaplanylýar. Emma täze motorlar bu hyzmatlary, aýdylmagyna görä, ýarym bahasyna edýärler.

Şol sebäpden hem il arasynda, kireýine maşyn tutandan, şu hili motorlaryň gezekleýin hyzmatlaryndan peýdalanmagy amatly görýärler. Emma indi bu amatly ulaglary polisiýadan yzyna almak üçin goşmaça çykdajy etmeli bolýar diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan daýhanlar aýtdylar. Şol bir wagtda bu çykdajylaryň möçberi anyk däl we ýerli ýagdaýa görä dürli-dürli bolýana meňzeýär.

Häzirki wagtda şol motorlary yzyna gaýtarmak üçin hem goşmaça çykdaýjy etmeli bolýandygyny motor eýeleri azatlyk radiosyna beren gürrüňinde aýdýarlar. Emma bu jerimeleriň iň azy 20 manatdan başlanýar.

Türkmenistanda ilkinji gezek motorlary gabamaklyk däbi, ýerli motosikl sürüjileriniň tassyklamagyna görä,mundan üç-dört ýyl ozal başlandy webu mesele barada ýerli metbugatda hiç bir anyk düşündiriş berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG