Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Bagdada bardy


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter).

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter).

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter) Yragyň lideri bilen “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşi we Mosul şäherini ekstremist topardan yzyna almak barada gepleşikleri geçirmek üçin 11-nji iýulda Bagdada bardy.

“Men premýer-ministr [Haýdar al-Abadi] we biziň komandirlerimiz bilen kampaniýanyň nobatdaky tapgyrlaryny maslahat ederin” diýip, Karter Bagdada gitmezden ozal aýtdy.

Karter bu saparyny, Yrak güýçleri Kaýara howa bazasynyň kontrollygyny yzyna alandan iki gün soň amala aşyrýar. Bu howa bazasy Mosulyň 60 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Karter bu howa bazasynyň kontrollygynyň yzyna alynmagyny “strategik ýeňiş” diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG