Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalaryň resmi hasapdan öçürilmegi ýaşaýjylara nähili täsir ýetirýär?


Gazak obasy, Lebap welaýaty
Gazak obasy, Lebap welaýaty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda obalaryň ençemesi ýok edildi, birnäçe ýaşaýyş nokady birleşdirildi, etraplaryň araçäkleri, territorial bölünişigi üýtgedildi.

Resmi maglumata görä, Lebapda jemi 10 posýologa şäher statusy, 7 oba posýolok statusy berilýär, bir posýolok şäherden etrabyň garamagyna tabşyrylýar, 29 oba posýoloklaryň dolandyrmagyna tabşyrylýar, 10 sany geňeşligiň administratiw merkezleri başga obalara göçürilýär, bir posýolok we 13 sany geňeşlik ýok edilýär, 15 sany oba şäherler, 5 oba posýoloklar bilen birleşdirilýär.

Lebap welaýaty boýunça jemi 16 oba birleşdirilmegi sebäpli, 15 oba ilat sanynyň azlygy sebäpli Türkmenistanyň administratiw territorial sanawyndan öçürilýär.

Şeýle-de resmi medianyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň parlamentiniň hökümetiň teklibi esasynda we Konstitusiýanyň 63-nji maddasyna laýyklykda “Lebap welaýatynyň administratiw-territorial bölünişigi hakynda” kabul eden kararynda welaýatyň düzümine 14 etrabyň, etrabyň hukugyna eýe bolan 3 şäheriň, etraplaryň düzüminde 12 sany şäheriň, 23 posýologyň, 106 sany geňeşligiň, 430 sany obanyň girýändigi aýdylýar.

Welaýatlaryň territorial bölünişigini gaýtadan kesgitlemek çäresi Lebapdan öň Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda amala aşyryldy.

Türkmenistanda aprel aýyndan bäri onlarça oba resmi sanawdan öçürildi.

Türkmen häkimiýetleri kararyň ýurduň territorial dolandyryşyny kämilleşdirmek, ýerli öz-özüni dolandyryjylyk işiniň netijeliligini ösdürmek we regionyň sosial-ykdysady ösüşini tizleşdirmek maksady bilen düşündirdiler. Şeýle-de resmi sebäpleriň ýene biri hökmünde resmi sanawlardan öçürilen obalarda ilat sanynyň azdygy hem öňe sürüldi.

Aslyýetinde Türkmenistanyň obalarynda ilat sany näme sebäpden azaldy?

Obalaryň resmi sanawlardan öçürilmegi iş ýüzünde ýerli ilatyň durmuşyna nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy öz sowallaryny türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:56 0:00

XS
SM
MD
LG