Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Bombaly hüjümde dokuz adam wepat boldy


Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Al-Raşidiýa, 12-nji iýul, 2016.

Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Al-Raşidiýa, 12-nji iýul, 2016.

Bagdadyň esasan şaýylaryň ýaşaýan böleginde bazarda bolan bomba partlamasynda azyndan dokuz adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

12-nji iýulda Al-Raşidiýa etrabynyň gök bazarynda bolan bomba partlamasyny içi partlaýjy serişdeli ýük ulagynda janyndan geçen hüjümçi amala aşyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne alan bolmady, emma şaýylary dinsiz diýip atlandyrýan “Yslam döwleti” (YD) atly topar soňky aýlarda ýüzlerçe yraklynyň ölümine sebäp bolan ençeme hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

YD geçen hepdede Bagdadyň Karada böleginde 292 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter 11-nji iýulda Bagdatda eden çykyşynda Waşingtonyň indiki hepdede Yraga 500-den gowrak adamy iberjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG