Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş sud Askarowyň ömürlik türme tussaglygyny ýatyrdy


Azimjan Askarowyň işiniň sud diňlenişigi
Azimjan Askarowyň işiniň sud diňlenişigi

Gyrgyzystanyň Baş sudy aktiwist Azimjan Askarowyň ömürlik türme tussaglygy hakyndaky kararyny ýatyrdy we onuň işini suduň gaýtadan garamagyna ýollady.

Tanymal etnik özbek aktiwisti Askarow Gyrgyzystanda etnik gyrgyzlaryň we özbekleriň arasynda duşmançylygy tutaşdyrmakda we alty ýyl mundan ozal bolan konfliktiň dowamynda polisiýa ofiseriniň ölümine sebäpkär bolmakda günälenip, 2011-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Bişkekde ýerleşýän Baş suduň 12-nji iýulda çykaran kararyna görä, Askarowyň işi paýtagtyň golaýyndaky Çui welaýatynyň sudunyň garamagyna tabşyrylýar.
Özüne garşy gozgalan işiň syýasy matlaplydygyny aýdýan Askarow suda gatnaşmady.

Baş suduň Askarowyň işine gaýtadan seretmegi aktiwisti boşatmak barada halkara çagyryşlaryň yzýanyna gabat geldi. 11-nji iýula bellenen diňlenişik bir gün yza tesdirilipdi.

Gyrgyzystanyň günortasynda 2010-njy ýylda bolan etnikara zorluklar zerarly 450-den gowrak adam, esasan etnik özbekler wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG