Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Askarowyň işine gaýtadan serediler


Azymjan Askarowyň sudy
Azymjan Askarowyň sudy

Ýokary sud 12-nji iýulda Gyrgyzystan Respublikasynyň Ýokary sudunyň Azymjan Askarowyň işi boýunça ikinji instansiýanyň hökümini ýatyryp, bu işi gaýtadan sud seljerişligini geçirmek üçin Çuý oblast suduna bermek barada karar çykardy.

Şeýlelikde, BMG-niň Komitetiniň A.Askarowyň işi babatda gelen netijesiniň näderejede esaslydygyna Çuý oblast sudunyň täze seljerişliginde serediler diýip, Ýokary suduň saýtynda aýdylýar.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy Jalalabat oblast sudunyň iş kesilen A.Askarow baradaky hökümini öz güýjünde galdyrmak barada çykaran kararyny ýatyrdy. Ýokary sud ozal Bazar-Korgon sudunyň 2010-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda çykaran hökümini öz güýjünde galdyrypdy.

Bu höküm esasynda A.Askarow, emlägini konfiskasiýa etmek bilen, ömürlik tussaglykda saklanmaly edilipdi.

Häzirki wagtda bu höküm ýatyrylmadyk we onuň ýuridiki güýji bar.

Netijede, aklawçy Nurbek Toktakunowyň Azymjan Askarowyň ömürlik tussaglygyny ýatyryp, ony tussaglykdan boşatmak baradaky towakgasy bölekleýin kanagatlandyryldy.

Askarow, işine Çuý oblast sudunda gaýtadan seredilýän wagtynda, türmede oturar. Häzir ol Çuý oblastynyň düzediş koloniýalarynyň birinde saklanylýar.
Askarowyň sud seljerişligi iki gün dowam etdi.

Onuň işine, BMG-niň Adam hukuklary komitetinde Askarowyň garşysyna çykarylan hökümi ýatyrmaly we ony azat etmeli diýlen karara gelnip, täze bir ýagdaý açylanyndan soň, ýokary sud instansiýasy tarapyndan gaýtadan seredildi.

Bu işe Ýokary suduň kollegiýasy gaýtadan seretdi.

Olar birinji gün, BMG-niň komitetiniň talap edişi ýaly, Askarowyň aklawçysynyň delillerini diňlediler.

Bu gün bolsa ejir çeken tarapyň wekilleriniň we döwlet garalawçysynyň pikirleri diňlenildi. Ejir çekenler hem, prokurorlar-da, günäsiniň subut edilendigine salgylanyp, Askarowyň höküminiň güýjünde galmagyny soradylar.

Çekişme wagtynda döwlet prokuraturasy Askarowyň gynalandygy baradaky maglumatyň tassyklanmandygyny aýtdy. Bu fakt boýunça sud-medisina ekspertizasy bar we olary Askarow hem öz görkezmesinde tassyk etdi.

Bazar-Korgon etrabyndaky wakada wepat bolan milisioner Muktybek Sulaýmanowyň aýaly Çynara Beçelowa Askarowyň günäsiniň subut edilendigini, emma häzir sudýalara basyş görkezilýändigini aýdýar.

Beçelowa öz duýguçyl sözünde hukuk goraýjylaryň we halkara guramalarynyňdiňe Askarowyň bähbitlerini goraýandygyny aýtdy. Onuň pikirine görä, şol bir wagtda ejir çekenleriň hukuklary unudylýar we goralmaýar.

Azymjan Askarowyň bähbitlerine aklawçylar Walerýan Wahidow we Nurbek Toktakunow wekilçilik edýär. Jemgyýetçilik goragçysy hökmünde Tolekan Ismailowa çykyş edýär.

Ýatladýarys, Azymjan Askarow Jalalabat oblastynyň Bazar-Korgon etrabynda ýaşap, adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanýardy. Ol 2010-njy ýylyň iýun wakalaryndan soň bidüzgünçilige gatnaşmakda we milisiýanyň işgäriniň ölümine dahyllylykda güman edilip tutuldy.

Soňy bilen ol sud seljerişliginiň ähli instansiýalarynda ömürlik azatlykdan mahrum edilmeklige höküm edildi.

XS
SM
MD
LG