Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkiýä çarter howa gatnawyny dikeldýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Transport ministri Maksim Sokolow (ç)
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Transport ministri Maksim Sokolow (ç)

Orsýetlileriň arasynda meşhur dynç almak merkezi bolan Türkiýä çarter uçuşlary gysga wagtda dikeldiler, diýip Orsýetiň transport ministri Maksim Sokolow 11-nji iýulda Sankt Peterburgda žurnalistlere aýtdy.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew Orsýetiň we Türkiýäniň arasynda ýolagçy howa gatnawyny bir hepdäniň dowamynda dikeltmek barada Transport ministrligine we beýleki edaralaryna 8-nji iýulda görkezme berdi.

Orsýet geçen ýylda Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinde orsýet uçaryny urup ýere gaçyrmagynyň yzýany çarter uçuşlaryny ýatyrypdy we Ankara garşy ykdysady sanksiýalary girizipdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geçen aýda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan orsýet pilotynyň ölümine gynanç bildirmeginden soň dikelip başlady.

XS
SM
MD
LG