Sepleriň elýeterliligi

Kaşmir çaknyşyklarynda ölenleriň sany 32-ä ýetdi


Kaşmirde protestçiler daşlary zyňýarlar. 10-njy iýul, 2016 ý.

Kaşmirde protestçiler daşlary zyňýarlar. 10-njy iýul, 2016 ý.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly Kaşmir regionynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda ölen adamlaryň sany azyndan 32-ä ýeten mahaly, 12-nji iýulda Nýu-Deli we Yslamabat birek-biregini aýypladylar we Birleşen Milletler Guramasy asudalygy saklamaga çagyryş etdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, Kaşmiriň separatist liderleri protestleri we umumy iş taşlaýyşy dowam etdirmäge çagyryş edendigine garamazdan, “ähli taraplary ýowuzlyklardan gaça durmak üçin çydamlylygy iň ýokary derejede saklamaga çagyrdy”.

Geçen hepdäniň ahyryndan bäri Kaşmir jülgesinde dowam edýän çaknyşyklarda parahat ilatdan 31 adam we bir polisiýa işgäri heläk boldy. Bu 2010-njy ýyldan bäri regionda bolan iň ýowuz durnuksyzlykdyr.

Lukmanlaryň we hökümet resmileriniň aýtmaklaryna görä, çaknyşyklarda ok şikesi ýeten ýüzlerçe adama wagtynda saglyk bejergisi berilmäge çalşylýar.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, çaknyşyklarda 400-den gowrak adam, şol sanda 100 çemesi howpsuzlyk resmisi ýaralandy we ölenleriň sanynyň has hem artmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG